HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistana barýan ilkinji rus konteýner otlusy türkmen-eýran serhedinden geçdi

Iýul 13, 2022 | 03:49 |11465
Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň gündogar bölegini resmi taýdan açmak üçin Russiýadan Hindistana ugran ilkinji demir ýol arkaly üstaşyr barýan ýük sişenbe güni Türkmenistanyň serhet geçelgesiniň üsti bilen Eýrana geldi diýip, IRNA habar berýär.Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň gündogar bölegini resmi taýdan açmak üçin Russiýadan Hindistana ugran ilkinji demir ýol arkaly üstaşyr barýan ýük sişenbe güni Türkmenistanyň serhet geçelgesiniň üsti bilen Eýrana geldi diýip, IRNA habar berýär.
Çeşme:

Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň gündogar bölegini resmi taýdan açmak üçin Russiýadan Hindistana ugran ilkinji demir ýol arkaly üstaşyr barýan ýük sişenbe güni Türkmenistanyň serhet geçelgesiniň üsti bilen Eýrana geldi diýip, IRNA habar berýär.

Russiýadan gelen otly Eýranyň çäklerinde dabaraly garşylandy. Dabara EYR-niň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber, şeýle hem ulag, nebit, senagat we oba hojalygy ministrleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Mohber bu dabarada çykyş edip, goňşy ýurtlar bilen, aýratyn-da, üstaşyr geçirmek ulgamynda Eýran hökümetiniň söwdany giňeltmäge ymtylýandygyny nygtap: “ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligi 20 million tonna çenli artdy we degişli çäreleriň meýilleşdirilmeginiň hem-de görülmeginiň hasabyna üstaşyr geçirmegiň kuwwaty ýylda 300 million tonna haryda ýetip biler” diýip aýtdy.

Russiýanyň üstaşyr barýan otlusy düzüminde 39 sany konteýnerleri bilen 5-nji iýulda Çehow stansiýasyndan ugrady hem-de Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden 3800 kilometr geçip, Eýrana girdi. Ýük uzynlygy 1600 kilometr bolan demir ýol ugry boýunça Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas portuna ýetiriler, soňra bolsa deňiz arkaly Hindistanyň Nhawa-Şewa portuna ugradylar.

Demirgazyk-Günorta geçelgesi ugurlaryň üç böleginden: gündogar, günbatar we merkezi ugurlardan ybaratdyr. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgeleriniň gündogar şahasyny emele getirýär.

EYR-niň ýollar we şäher ösüşi ministri Rostam Gaseminiň belleýşi ýaly, Sarahs-Sarahs gündogar geçelgesinden başga-da, türkmen-eýran serhedinde Inçe-Burun-Garmsar bilen birlikde, ýene-de beýleki iki ugurlar hem bar, şolar hem biziň Türkmenistan bilen oňat gatnaşyklarymyzyň netijesinde işjeň häsiýete eýedir. Onuň sözlerine görä, bu ugurlar hem üstaşyr daşamak babatda ösdüriler.

“Biziň Russiýa bilen otlularyň üstaşyr hereket etmegi boýunça özara düşünşmek hakynda ähtnamamyz bar, şeýle hem bizde Gazagystan we Türkmenistan bilen şertnamalarymyz bar, şolar bu geçelgede hereketleriň dowam etjekdigini görkezýär” diýip, ol aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026