HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda aýlyk zähmet hakynyň pes derejesine gaýtadan serediler

Iýul 10, 2022 | 03:43 |19272
Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa ýurtda aýlyk zähmet hakynyň iň pes derejesine gaýtadan seretmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa ýurtda aýlyk zähmet hakynyň iň pes derejesine gaýtadan seretmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa ýurtda aýlyk zähmet hakynyň iň pes derejesine gaýtadan seretmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmen Lideri şunuň bilen bir wagtda geljek ýylyň döwlet býujetine aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hem-de ýurduň her etrabynda we şäherinde mätäçlik çekýänlere ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri goýbermegi tabşyrdy.

Şeýle hem anna güni Döwlet Baştutanymyz Ministirler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini 10% köpeltmek hakynda permana gol çekdi.

Permana laýyklykda indiki ýyldan başlap, iň pes aýlyk haky 1160 manat möçberde kesgitlener. Pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplap çykarmak üçin binýatlyk ululyk 450 manat, döwlet kömek pullarynyň binýatlyk ululygy 430 manat möçberinde kesgitlener.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes derejesi 1880 manat möçberinde, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň yzynda galan ýan ýoldaşlarynyň pensiýalarynyň iň pes möçberi bolsa 550 manat möçberinde kesgitlener.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026