Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Baku energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiligine seredýärler

Iýul 07, 2022 | 17:49 |10016
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň gidişini, energiýa pudagynda ösüş mümkinçiligini, halkara bazarlaryny energiýa çeşmeleri bilen üpjün etmegiň ugruny diwersifikasiýa etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, barlag we özleşdirme işlerini geçirmek barada iki ýurduň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumy türkmen-azerbaýjan energiýa hyzmatdaşlygynda möhüm waka bolup durýar. Habarda bu babatda, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň bu ugurlary boýunça ikitaraplaýyn maslahatlary dowam etdirmäge taýýardygy barada aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026