HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSG-nyň baş müdiriniň orunbasary Aşgabada geldi

Iýul 05, 2022 | 00:50 |10592
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş müdiriniň orunbasary Çžan Sýançen bilen duşuşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş müdiriniň orunbasary Çžan Sýançen bilen duşuşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gullugy habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş müdiriniň orunbasary Çžan Sýançen bilen duşuşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi bellenildi. Şu ýylyň fewral aýynda BSG-nyň Baş geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapy gurama agza bolmak üçin resmi taýdan arza bilen ýüz tutdy, geňeşiň agza ýurtlary ony biragyzdan goldadylar hem-de Türkmenistana "goşulýan ýurt" statusyny bermek kararyna geldiler. Daşary işler ministri BSG-nyň sekretariatyna, şeýle-de agza ýurtlara Türkmenistanyň arzasyny goldandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem, häzirkizaman dünýäde ykdysady globallaşmanyň ösýän tendensiýalary, esasanam pandemiýa ýagdaýyndan soň, Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmak meselesini goýdy. Bu maksatlara ýetmegiň netijeli usullaryndan biri BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.

Meredow Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak üçin ýurtda alnyp barylýan milli kanunçylyk binýadyny, daşary söwda amallaryny we düzgünlerini kämilleşdirmegi öz içine alýan taýýarlyk işleri barada guramanyň baş müdiriniň orunbasaryna habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026