HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ilkinji Go Viral festiwaly geçirildi

Iýul 03, 2022 | 02:50 |11761
Aşgabat ilkinji innowasion Go Viral festiwalyny kabul etdi, festiwal köpçülikleýin habar beriş, işewürlik we medeniýet ulgamlarynda höwesjeňleriň hem-de bilermenleriň adybir jemgyýetçiligini özünde birleşdirýär.Aşgabat ilkinji innowasion Go Viral festiwalyny kabul etdi, festiwal köpçülikleýin habar beriş, işewürlik we medeniýet ulgamlarynda höwesjeňleriň hem-de bilermenleriň adybir jemgyýetçiligini özünde birleşdirýär.
Çeşme:

Aşgabat ilkinji innowasion Go Viral festiwalyny kabul etdi, festiwal köpçülikleýin habar beriş, işewürlik we medeniýet ulgamlarynda höwesjeňleriň hem-de bilermenleriň adybir jemgyýetçiligini özünde birleşdirýär.

Çäre sebitiň beýleki şäherlerinde – Duşenbede, Daşkentde, Bişkekde we Almatyda eýýäm geçirilen sebitleýin festiwallarynyň tapgyrlarynyň dowamy boldy.

“Gözlemek. Oýlap tapmak. Çözmek” şygary bilen ruhlanan täzeçillikçiler we telekeçiler “Ýyldyz” myhmanhanasynda jemlendiler hem-de bu ýerde köpçülikleýin habar beriş we medeniýet ulgamlarynda we IT-tehnologiýalarda ýokary hünär derejeli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

В Туркменистане прошел первый фестиваль Go Viral

Go Viral festiwaly başarjaň we dörediji ýaşlara Türkmenistanda öz hünär derejesindäki tejribelerini paýlaşmaga, dürli ugurlar boýunça bilermenlere gyzyklandyrýan sowallaryny bermäge hem-de peýdaly täze adamlar bilen tanyşmaga kömek etdi.

Mejlis başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar ýörite tagtaň ýüzünde pikir-maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda pikirdeşlerini gözleýänler, iş gözleýänler ýa-da iş hödürleýänler we beýlekiler üçin salgynamalaryny we özleri barada maglumatlary goýup bildiler.

– Şu ýyl biz ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, IT-tehnologiýalar we işewürlik uglamlarynyň wekilleriniň tanyşmagyna hem-de birek-biregi ýakyndan tanamaga mümkinçilik almaklaryna aýratyn üns berdik. Şeýle etmek bilen biz hünärine ussat täze adamlary birleşdirýän jemgyýetçiligiň döremegine, döredijilik adamlaryň hyzmatdaşlyk etmegine ýardam bermek isleýäris – diýip, Go Viral-yň Türkmenistandaky ilçisi Batyr Berdiýew gürrüň berdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimou açylyş dabarasynda festiwalyň döreýşiniň taryhy barada biraz gürrüň berdi:

В Туркменистане прошел первый фестиваль Go Viral

– Ilkibaşdan Go Viral meniň hem-de maşgalamyň önüp-ösen ýerimiz bolan Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçirilen South by Southwest festiwalyndan gözbaş aldy. Şu günki çärä gatnaşýanlaryň ählisi – Siz täzeçillik bilen çemeleşijilersiňiz, bu festiwalyň Türkmenistanda mundan beýläk nähili ösdürlmelidigini siziň özüňiz kesgitlemelisiňiz.

Soňra mejlisiň çäklerinde umumy maslahatlaşmalar, ussatlyk sapaklary, tanyşdyrmalar geçirildi, şolarda olara gatnaşyjylar Türkmenistanda kontentiň, IT-önümleriniň, wideo, foto we şekillendirmeleriň döredilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Käbir duşuşyklar ýokary hünär derejesinde ykjam wideoşekilleriň düşürilmegine, sanly gurallaryň kömegi bilen işleriň öňe ilerledilmegine, wideoönümçilik hem-de elektron täjirçilik ulgamynda toparlaýyn netijeli işleriň guralmagyna bagyşlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026