HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wýetnamyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Iýun 30, 2022 | 22:42 |11097
Türkmenistan bilen Wýetnam söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe.Türkmenistan bilen Wýetnam söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe.
Çeşme:

VeEconomy metbugatynyň ýazmagyna görä, “Hanoýede geçirilen türkmen-wýetnam işewürler forumynda Wýetnamyň Söwda we senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Buý Trung Ngia: “Türkmenistan bilen Wýetnam söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe – diýip aýtdy”.

2021-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy, takmynan 0,56 million dollar töweregi boldy, ýöne Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary bu görkeziji hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçiliklere görä juda az – diýip, hasap edýär. Onuň pikiriçe, häzirki wagtda Wýetnam telekeçiligi türkmen tebigy gazyny, pagta önümlerini we meşhur el halylaryny import etmegiň mümkinçiliklerine üns bermeli.

Wýetnam hem öz gezeginde Türkmenistan üçin senagat we sarp ediş harytlaryny, şol sanda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan çaý, kofe we deňiz önümlerini ygtybarly üpjün ediji hökmünde çykyş edip biler.

Ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin Wýetnamyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümi amatly hukuk binýadyny döretmek, taraplaryň bazarlar, kärhanalar we harytlar barada yzygiderli maglumat alyş-çalşygyny başlamak maksady bilen, hyzmatdaşlyk barada täze şertnamalary işläp düzmek teklibi bilen çykyş etdi.

Erkin söwda zolagyna Wýetnam hem girýän Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak üçin konserwirlenen azyk, şire, elektronika we dokma önümlerini öndürýän bilelikdäki türkmen-wýetnam kärhanalaryny döretmek pikiri beýan edildi.

Şeýle hem, forumda ýurduň bazaryny öwrenmek, ýöriteleşdirilen sergilere gatnaşmak we türkmen önümleri bilen içgin tanyşmak üçin Wýetnamyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-wýetnam işewürler forumyna nebit-gaz pudagy, energetika, söwda, gurluşyk, binagärlik we ulag ugurlary boýunça ýöriteleşen wýetnam kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumda ikitaraplaýyn şertnamalaryň birnäçesine gol çekildi, işewür toparlaryň duşuşyklary geçirildi we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026