HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: geçen hepde uçar kerosiniň bahasy 5% peseldi

Iýun 28, 2022 | 05:01 |8354
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,4 million we 40,5 million manatlyk geleşikleriň 25-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,4 million we 40,5 million manatlyk geleşikleriň 25-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,4 million we 40,5 million manatlyk geleşikleriň 25-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Nebit önümlerinden TS-1 görnüşli uçar kerosini uly islegden peýdalandy, onuň 20 müň tonnasyny Beýik Britaniýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri satyn aldylar.

ABŞ-nyň dollarynda GTSBT auksionynda uçar ýangyjynyň TS-1 bahasy

Цена на авиакеросин ТС-1 на торгах ГТСБТ в долларах США

Uçar kerosiniň bahasy aňyrky hepdäniň söwdalary bilen deňeşdirilende, 5% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $1 114,75 deň boldy. Geçen hepdede bu haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $22,2 million barabar boldy.

Şeýle hem söwdalarda nah ýüplük, ýodlaşdyrylan nahar duzy hem-de ýodly we ýaşyl çalma galamlar eksporta satyldy.

Söwdalara şu gün (27-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026