Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen iş duşuşygyny geçirdi, duşuşygyň dowamynda Aşgabat bilen Brýusseliň maliýe we ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri diplomaty garşylap, Türkmenistanyň ÝB-ni we käbir Ýewropa ýurtlaryny strategiki hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy we taraplaryň arasyndaky ykdysady we işewür hyzmatdaşlygyň progressiw ösüşini belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň ilçisi Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändini aýtdy. Ol ozal taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit derejesinde ösen bolsa, indi iki ýyl mundan öň Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekilliginiň açylmagy bilen, ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetarapaýyn mümkinçiligiň dörändigini ýatlatdy.
Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň hökümetine üç ugurda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. Olar:
– "ýaşyl" energiýa we durnukly ösüş,
– oba ösüşi (suw, oba hojalygy, durnukly ösüş maksatlary),
– kiçi we orta telekeçilige goldaw.

Şeýle hem Diego Ruiz Alonso Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak meselesinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Diplomatyň pikiriçe, şuňa meňzeş işler ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda hem amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri resmi Aşgabadyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen maýa goýumlary, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açykdygyny aýtdy.
Duşuşyga gatnaşan ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hemmetraplaýyn mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Özara gatnaşyklara degişli möhüm ugurlaryň arasynda ol Türkmenistanyň Pariž şertnamasy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini, oba hojalygyk infrastrukturasynyň, energetikanyň we suw hojalygynyň ösdürilmegini ayratyn nygtap geçdi.
Şeýle hem, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak, we okuw çärelerini guramak arkaly, ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek üçin mümkinçilikler bar.
ORIENT news








