HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: ýodlaşdyrylan duz we ýodly galamlar ekporta satyldy

Iýun 25, 2022 | 02:25 |8440
Penşenbe güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $993,7 müň we 904,1 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $993,7 müň we 904,1 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $993,7 müň we 904,1 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçisi TS-1 görnüşli 500 tonna uçar kerosini satyn aldy. Önümiň bahasy mundan öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 4,7% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $1 115,75 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $557,8 müň barabar boldy.

BAE-niň işewüri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 10 müň tonnasyny ibermäge geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy $200 müň deň boldy.

Päkistanyň wekili söwdalarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen ýodly we açyk ýaşyl çalgyçly galamlary – hersinden 48 müň sanysyny satyn aldy. Şertnamanyň umumy bahasy 128,6 müň manada deň boldy.

BAE-niň telekeçileri $235,8 müň we 775,5 müň manatlyk dürli görnüşli nah ýüplükleri hem satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (24-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026