HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar nämüçin Derweze krateriniň ýanmagyny dowam edýändigini we ony nädip gözegçilige alyp boljakdygyny düşündirdiler

Iýun 24, 2022 | 19:34 |13904
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň direktory nämüçin Derweze krateriniň indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýändigini düşündirdi we ol ýerde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň türkmen alymlary tarapyndan hödürlenýän usuly barada gürrüň berdi.“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň direktory nämüçin Derweze krateriniň indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýändigini düşündirdi we ol ýerde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň türkmen alymlary tarapyndan hödürlenýän usuly barada gürrüň berdi.
Çeşme:

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň direktory nämüçin Derweze krateriniň indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýändigini düşündirdi we ol ýerde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň türkmen alymlary tarapyndan hödürlenýän usuly barada gürrüň berdi.

“Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçysy Baýrammyrat Pirnyýazow Aşgabatdan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Derweze krateriniň döreýiş taryhyny ýatladyp geçdi.

1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar.

Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşlyk emele gelýär. Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar. “Gaz birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarar ýa-da bu gatlak, beýleki 5-7 kilometr uzaklykdaky suw bilen palçykdan dolup duran desgalarda bolşy ýaly, suwa dolar” diýlip çak edilýärdi.

Emma, garaşylýan ýagdaý ýüze çykmady. Elbetde, krateriň ýagdaýyny öwrenmek boýunça çäreler görüldi, ýumrulan gözleg skwažinasyny tapmaga synanyşyklar edildi. Munuň üçin hünärmenler krateriň düýbüne düşdüler. Eger, guýynyň sütüniniň sementlenen bölegi saklanyp galan bolsa, maýyşgak turbaly armaturlary oturtmak boýunça çäreler görülmelidi. Şonda gazy çykarmak prosesini dolandyryp bolardy. Ýöne welin, gazyň 20 metr radius aralykda dürli ýerlerden çykýandygy anyklanyldy we gözleg guýusynyň galyndylary hem tapylmady.

Mundan başga-da, bu çäkde ýerleşýän önümçilik guýularynyň işiniň netijelerine görä, gatlaklaryň arasynda gazyň kesimler boýunça akymy tassyklandy. Merkezi Garagumuň demirgazyk tarapynda 16 sany ýatakdan ybarat toparyň üsti açyldy. Häzirki wagtda olaryň sekizisinde 39 sany guýy işledilýär.

Bu ýataklar toplumynyň aýratynlygy inçe ejiz gatlaklaryň suwly we dykyz gatlaklar bilen aralaşmagyndadyr. Gatlaklaryň we ýataklaryň özara täsirlenmä eýedigi mälim boldy. Gözleg guýusy burawlananda, ýüze çykýan azgorly ýataklaryň krateriň uzak wagtlap ýanmagyna sebäp bolýandygy hem muňa mysaldyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz Çaljülbe gaz käninde baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdik. Uly gaz gorlary bolan gatlakdan gazyň zarply çykarylmagy onuň süzüliş akymyny öwürmäge we kratere gözegçiliksiz akymyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gazyň kratere gelýän akymynyň bady gowşadylandan soň, ony izolirlemek, ýagny üstüni doly ýapmak mümkin bolar.

Şeýle çözgüdiň hasabyna atmosfera düşýän gazyň gözegçiliksiz zyňyndylary doly ýok ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026