HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howanyň ählumumy ýylamagy eýýäm biziň adaty durmuşymyza täsir edýär we munuň bilen ylalaşyp bolmaz

Iýun 24, 2022 | 06:10 |12074
Men howa baradaky täzeliklerden başlamak isleýärin- diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso şu gün Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edende aýtdy.Men howa baradaky täzeliklerden başlamak isleýärin- diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso şu gün Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edende aýtdy.
Çeşme:

– Men howa baradaky täzeliklerden başlamak isleýärin- diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso şu gün Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edende aýtdy.

– Geçen hepde Ýewropanyň käbir böleklerinde has ýokary tempratura tolkunlary bolup geçdi—Ispaniýada, Portugaliýada we Fransiýada +40 derejeden ýokary; Germaniýada, Çehiýada, Awstriýada +35 derejeden ýokary boldy. Ýagdaýlar şeýle, ýagny biz geljek ýyl sowadyjylary eýýäm aprel aýynyň ahyrynda-maý aýynyň başynda, ýyladyş ulgamlaryny bolsa-eýýäm oktýabr aýynda işlederis.

Ilçi howanyň ählumumy derejede ýylamagynyň biziň adaty durmuşymyza täsir edýändigine we munuň bilen ylalaşmaly däldigine çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem onuň çykyşynyň möhüm meseleleriniň biri ekologiýadaky we geosyýasatdaky üýtgeşmeleriň dünýäniň azyk howpsuzlygyna täsir edişi baradaky mesele boldy.

–Statistikanyň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany diňe 600 million bolupdy. Men “diňe” diýip, munuň bütin taryhyň dowamynda iň pes görkezijidigi sebäpli aýdýaryn. Şonda biz bilelikdäki tagallalarymyz arkaly dünýäde açlygy aradan doly aýryp bolar diýip pikir edýärdik. Gynansak-da, 2015-nji ýyldan bäri ýagdaýlar tersine boldy we häzir biz 900 million görkezijä ýakynlaşýarys.

посол Евросоюза в Туркменистане Диего Руиз Алонсо

ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi abraýly bilermenleriň pikirine salgylanyp, howanyň üýtgemeginiň ählumumy azyk bazary üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi. Suw almalar, gurakçylyklar, möwsümi däl döwründe ýokary we pes howa derejeleriniň tolkunlary-bularyň ählisi azyk önümleriniň bütin dünýä boýunça ýaýradylmagyna täsir edýär.

– Şunuň bilen bir wagtda, hemmeler energiýany – nebiti we gazy täze iberijileri gözleýärler. Biz häzir hat-da kömre hem gaýdyp gelýäris, ýogsa kömrüň eýýäm geçen köne döwürleriň meselesidir diýip pikir edýärdik.

Diýego Ruiz Alonso dünýädäki häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ÝB-niň energetika howpsuzlygy baradaky mesele barada aýdyp, Ýewropa ýurtlarynyň häzirki ýagdaýlaryna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň “ýaşyl” energetika doly geçmäge taýýardygy mizemez bolmagynda galýandygyny belledi.

– Biz öz maksatlarymyzy üýtgetmeris we hatda, olara ýetmek işlerimizi tizleşdireris. <…> Bu diňe bir biziň energetika taýdan baglylygymyzy aýyrmagy isleýändigimiz üçin bolman, eýsem, şol sanda bu ýoluň ýeke-täk dogry jogapdygyny, howanyň üýtgemegine hem-de şunuň bilen baglanyşykly ähli wezipelere ýeke-täk netijeli täsirdigini hasaplaýandygymyz üçin şeýledir.

Şunda diplomat halkara hyzmatdaşlygy bolmazdan, öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilmeginiň mümkin däldigini we şoňa görä-de, umumy işe goşant goşmagyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin we hatda aýratynlykda her bir adam üçin möhümdigini ýatlatdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026