HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nädip maýa goýumlaryny çekip, СО2-den gazanmaly?

Iýun 24, 2022 | 05:34 |9838
Geljekki 30 ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global maksatlara ýetmek üçin dünýä boýunça maýa goýumlarynyň göwrümi ABŞ-nyň dollary bilen 275 trilliondan gowrak bolar. Bu baha Bütindünýä bankynyň bilermenleri tarapyndan berilýär.Geljekki 30 ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global maksatlara ýetmek üçin dünýä boýunça maýa goýumlarynyň göwrümi ABŞ-nyň dollary bilen 275 trilliondan gowrak bolar. Bu baha Bütindünýä bankynyň bilermenleri tarapyndan berilýär.
Çeşme:

Geljekki 30 ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global maksatlara ýetmek üçin dünýä boýunça maýa goýumlarynyň göwrümi ABŞ-nyň dollary bilen 275 trilliondan gowrak bolar. Bu baha Bütindünýä bankynyň bilermenleri tarapyndan berilýär. Aslynda, munuň özi ägirt uly taslama bazarynyň göwrümi bolmak bilen, bu maýa goýumlarynyň bir bölegine parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň esasy çeşmeleriniň biri hasaplanýan nebitgaz pudagynda innowasiýa çözgütlerini kabul etmäge uly mümkinçiligi bolan ýurt hökmünde Türkmenistan hem haklydyr.

Türkmenistanyň diňe bir karbon bazaryna işjeň gatnaşmakda däl, eýsem sebitdäki nebit-gaz pudagynyň tehniki we tehnologiki aýratynlyklaryna laýyk gelýän düzgünleri we proseduralary işläp düzmekde-de, özboluşly mümkinçiligi bar. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynda gürrüň edildi.

Hünärmenleriň pikiriçe, parnik gazlaryny azaltmagyň esasy mümkinçilikleri şu ugurlarda jemlenendir, ýagny uglewodorodlary öndürmek, saklamak we daşamak üçin tehnologiki prosesleri döwrebaplaşdyrmak, munuň özi nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamakda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylarynyň azalmagyny üpjün eder.

Bu ugurlar boýunça Igor Zgurow tarapyndan Vema S.A. we Yug Neftegaz Private Limited kompaniýalaryndan teklipler berildi. Zgurowyň aýtmagyna görä, onuň wekilçilik edýän kompaniýalary klimat taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ýagny taslamany işläp taýýarlamakdan başlap, tehniki taýdan ýerine ýetirmekde we netijeleri werifikasiýa etmekde, uly tejribä eýe.

– Biz bu taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň iň bir netijeli görnüşi bolan “Türkmennebit”döwlet konserni bilen hyzmat şertnamasyny görýäris, onuň çäklerinde biziň kompaniýalarymyz taslamany, goşmaça önüm öndürilişini maliýeleşdirer we metanyň hem-de СО2 zyňyndylarynyň azalmagyny hasaba alar – diýip, Zgurow aýtdy.

Vema S.A. kompaniýasy klimat bazarynda dürli ýurtlarda 75-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi, bu taslamalar 400 million ýewro maýa goýumlaryny özüne çekdi we parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň СО2 ekwiwalentinde 150 million tonnadan gowrak azalmagyny üpjün etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026