Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wodorod – ekologiýa üçin howpsuz geljegiň ýangyjy

Iýun 24, 2022 | 02:42 |16715
Anton Çernyşew – UGTR “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebiti boýunça direktory uglewodorodlary çykaryp almagyň ekologiýa ugurlaryna bagyşlanan Aşgabat forumynda çykyş edip, wodorod önümçiligine dürli çemeleşmeler hem-de wodorod energetikasynyň geljegi barada gürrüň berdi.Anton Çernyşew – UGTR “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebiti boýunça direktory uglewodorodlary çykaryp almagyň ekologiýa ugurlaryna bagyşlanan Aşgabat forumynda çykyş edip, wodorod önümçiligine dürli çemeleşmeler hem-de wodorod energetikasynyň geljegi barada gürrüň berdi.
Çeşme:

Anton Çernyşew – UGTR “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebiti boýunça direktory uglewodorodlary çykaryp almagyň ekologiýa ugurlaryna bagyşlanan Aşgabat forumynda çykyş edip, wodorod önümçiligine dürli çemeleşmeler hem-de wodorod energetikasynyň geljegi barada gürrüň berdi.

– Häzir wodoroda energetika geçmegiň geljegi üçin möhüm ýangyç hökmünde garalýar hem-de esasan nebtiň gaýtadan işlenmeginde we sintetiki azot dökünleriniň önümçiliginde giňden ulanylýar. Emma ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşi bilen deňeşdirilende gymmatlylygy sebäpli, ol energiýa önümçiliginde az meşhurdyr.

Wodorody howanyň üýtgemegine degişli meseleleriň çözülmeginde köplenç “howsala” hökmünde wagyz edýärler. Senagat önümçiliginde ol bug gazlaryny döretmän ýylylyk bilen üpjün edip bilýär, çünki wodorodyň ýylylyk dörediş ukyby (119,7 MDž/kg) ýangyjyň beýleki görnüşlerinden 3 esse ýokarydyr.

Mundan başga-da, wodorody energiýa toplaýjy hökmünde ulanyp bolýar we şunda gaýtadan dikeldilýän çeşmeler bolan gün energiýasyndan ýa-da fotoelektrik energiýasyndan emele gelýän elektro energiýanyň durnuksyzlygyndan ýüze çykýan serişdeleriň ýitgilerini azaldyp bolar. Şeýle elektro energiýanyň önümçiligi has elýeterli bolar.

Häzirki döwrüň energiýa serişdeleriň gowy taraplarynyň hatarynda akkumulýatorly awtoulaglardaky bilen deňeşdirilende, tiz doldurmak, täjirçilik ýangyjynyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende howpsuzlyk, tygşytlylyk, bäsdeşlige ukyplylyk ýaly häsiýetlerini, şunuň bilen birlikde hem bölünip çykýan bug gazlary bolmadyk arassa ýangyçdygyny agzap geçerin.

Dürli usullar bilen gazylyp alynýan wodorodyň köp dürli reňkleri bar. Onuň köp bölegi, ýagny 96% tebigy gazyň metanynyň (SMR) bug konwersiýasy netijesinde gazylyp alynýan ýangyçdan emele gelýär. Şeýle usul bilen alynan “önümi” köplenç “çal wodorod” diýip atlandyrýarlar, kömrüň gazlaşdyrylmagy arkaly döredilen önüm bolsa “mele wodorod” diýlip atlandyrylýar. Ýene-de “gök wodorod” bar – ol kömürturşy gazyň alynmagy we saklanylmagy arkaly çal ýa-da mele wodorodyň garyndysydyr. “Ýaşyl wodorod” bolsa suwuň elektrolizinde gün energiýasynyň ulanylmagy bilen emele gelýär. Häzirki wagtda wodorodyň şu görnüşi gymmat hasaplanylýar hem-de has elýeterli “çal” görnüşi bilen bäsleşip bilmeýär. Ýöne, ýagdaýlar üýtgeýär – gaýtadan dikeldilýän energiýanyň nyrhy tiz peselýär, elektrolizerler bolsa has netijeli bolup, “ýaşylyň” görnüşi kem-kemden peselýär.

Häzir, ýokary tehnologiýalar asyrynda innowasiýalar netijesinde, energetika tehnologiýasynyň infrastrukturasynda wodorod täze bazarlary “özleşdirip” başlaýar hem-de gaýtadan dikeldilýän energetika ähmiýet berýär. Ine, şu ýangyjyň ulanylyp bilinjek ýerleriniň käbir mysallar: has uzak aralyklara agyr ulag serişdelerini uglerodsyzlaşdyrmakda ýa-da ýyladyş infrastrukturasynda – ýylylygyň jaýlara berilmeginde.

Şeýlelikde, ylmy we senagat taýdan edilýän tagallalar “ýaşyl wodoroda” gönükdirilen bolmalydyr, ol elektrofikasiýalaşdyrmaga hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylmagy bilen innowasiýon tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýetiň geljeginiň esasy bolup biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026