TDHÇMB-niň söwadalary: $1,5 million nah ýüplük eksport edildi


Sişenbe güni, 21-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýeden gelen telekeçi Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikleri baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 559 müň 616 dollaryna barabar boldy. Eksporta dürli görnüşli nah ýüplükleriň 482 müň kilogramdan gowgary iberiler.
Ozal, duşenbe güni TDHÇMB-niň söwadalarynda Hindistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri hem $152 müň we 18,4 million manatlyk nah ýüplükleriň 400 müň kilogramyna golaýyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (22-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








