HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen banklary içerki programma üpjünçiligini döretmek üçin ýeňillikli karzlary bererler

Iýun 22, 2022 | 06:21 |16389
Türkmenistanyň Merkezi banky kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hususy programma önümlerini döretmek üçin karzlary bermegiň Tertibini işläp taýýarlady.Türkmenistanyň Merkezi banky kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hususy programma önümlerini döretmek üçin karzlary bermegiň Tertibini işläp taýýarlady.
Çeşme:

Türkmenistanyň Merkezi banky hususy programma önümlerini döretmek hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini işläp taýýarlady. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar saýtynda ýerleşdirilendir.

Täze tertibe laýyklykda, karzlar programma üpjünçiligini döretmek we zerur enjamlary öndürmek üçin ýyllyk 2% bilen 2 ýyl ýeňillik döwri bolan 5 ýyl möhlete berler. Taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2% bilen 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete berler.

Karzlar kompaniýalaryň taslamany ýerine ýetirmek üçin 15%-den az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar.

Tertip Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda kiçi we orta telekeçiligi programma önümlerini döretmek we ulanyşa girizmek işinde maliýe taýdan goldamak hakynda çykaran Kararyna laýyklykda işlenip düzüldi.

Programma üpjünçiligini döretmek ýa-da taýýaryny satyn almak işleriniň maliýeleşdirilmegi IT-önümleriniň bazaryny mese-mälim höweslendirer we telekeçini gyzyklandyrar, ýerli işläp düzüjileriň amatly tekliplerini öwrenmäge isleg döreder.

Türkmenistanda käbir içerki programma önümleri B2B segmentinde giňden ulanylýar. Bu babatda söwda ulgamyny awtomatlaşdyrmakda we kärhananyň hasabatyny ýöretmekde ulanylýan AkHasap programma üpjünçiligini mysal getirmek bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026