Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Ýewropa Bileleşigine nebit önümlerini ibermegini azaltdy, ýöne nebitiň we suwuklandyrylan tebigy gazyň eksport pajyny ýokarlandyrdy

Iýun 20, 2022 | 22:26 |9886
Russiýanyň nebitiniň eksport pajy 1-nji iýuldan 10,4 dollar gymmatlar we 1 tonna üçin 55,2 dollar bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrligine salgylanýan KHBS habar berýär. Häzirki wagtda nebitiň eksport pajy 1 tonna üçin 44,8 dollardyr.Russiýanyň nebitiniň eksport pajy 1-nji iýuldan 10,4 dollar gymmatlar we 1 tonna üçin 55,2 dollar bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrligine salgylanýan KHBS habar berýär. Häzirki wagtda nebitiň eksport pajy 1 tonna üçin 44,8 dollardyr.
Çeşme:

Russiýanyň nebitiniň eksport pajy 1-nji iýuldan 10,4 dollar gymmatlar we 1 tonna üçin 55,2 dollar bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrligine salgylanýan KHBS habar berýär. Häzirki wagtda nebitiň eksport pajy 1 tonna üçin 44,8 dollardyr.

2022-nji ýylyň 15-nji maýyndan 14-nji iýuny aralygynda geçirilen monitoring döwründe Urals nebitiniň ortaça bahasy bir barreli 87,491 dollara, ýa-da 1 tonnasy 638,7 dollara barabar boldy.

Dury nebit önümleriniň we ýaglaryň pajy 1 tonnasy üçin 13,4 dollardan 16,5 dollara galar, agyr nebit önümleriniňki bolsa - 44,8 dollardan 55,2 dollara barar. Naftanyň eksport pajy 24,6 dollardan 30,3 dollara çenli ýokarlanar.

Suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň pajy 1-nji iýuldan 87,2 dollardan 110,4 dollara çykar, onuň arassa fraksiýalarynyň pajy 78,4 dollardan 99,3 dollara, koksyň pajy 2,9 dollardan 3,5 dollara barar.

Bularyň barysy ýakyn geljekde uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň arzanlamagyna garaşmagyň netijesiz boljakdygyny görkezýär. Hebitgaz bazarynda gapma-garşylykly ýagdaý ýüze çykdy. Russiýa Ýewropa Bileleşiginiň sarp edijilerine nebit önümlerini ibermegini ep-esli azaltdy. Şol bir wagtyň özünde ýüze çykmagy mümkin gytçylyga garaşylýandygy sebäpli, dünýäde nebitiň bahasy rekord goýýar. Dünýäniň nebitgaz bazarynda pes bahalar eýýamynyň ornuny ýokary bahalar eýýamy eýeleýäne meňzeýär. Halkara energetika agentligi bu ýagdaýda öňümizdäki 1,5 ýylda dünýäde OPEC guramasyna girmeýän ýurtlar nebiti üpjün edijileriň öňdebaryjylarynyň hataryna geçer, diýip çaklaýar.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

17:00 Iýul 26, 2026