HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow hökümetiň öňünde welaýatlary ösdürmek boýunça wezipeleri goýdy

Iýun 19, 2022 | 17:39 |14263
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlarynyň netijeleri boýunça hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Saparlarynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda orak möwsüminiň barşy bilen tanyşdy hem-de täze desgalaryň açylyň daýaralaryna gatnaşdy.Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlarynyň netijeleri boýunça hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Saparlarynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda orak möwsüminiň barşy bilen tanyşdy hem-de täze desgalaryň açylyň daýaralaryna gatnaşdy.
Çeşme:

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlarynyň netijeleri boýunça hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Saparlarynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda orak möwsüminiň barşy bilen tanyşdy hem-de täze desgalaryň açylyň daýaralaryna gatnaşdy.

Mejlis Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek, importuň ornuny tutmakdan ugur alyp, täze senagat pudaklaryny kemala getirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijilere goldaw bermek hem-de hususy ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem ýerleriň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we maldarçylyk üçin netijeli ulanylmalydygy, seçgiçilik we tohumçylyk işleriniň ösdürilmelidigi, suwlylandyrmak usullarynyň kämilleşdirilmelidigi we suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygy barada gürrüň edildi.

Hormatly Prezidentimiz durmuşy meselelere degip geçip, ýerlerde okuw mekdeplerini hemme zerurlyklar bilen hem-de çagalar üçin dynç alyşyň guralmagyny öz wagtynda we doly derejede üpjün etmäge, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmäge, sanly ulgamlary ulanyp, okatmagyň öňdebaryjy tejribesini öňe ilerletmäge ünsi güýçlendirmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna hem-de onuň üçin hünärmenleri taýýarlamaga dünýäniň iň oňat tejribesini ornaşdyrmaga, bu ulgamda ösen ýurtlar bilen işjeň gatnaşyklary alyp barmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026