HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat gazna biržasynda ýylyň başyndan bäri 40 million manatlyk paýnamalar satyldy

Iýun 18, 2022 | 06:30 |13845
Aşgabat gazna biržasynda (AGB) 2022-nji ýylyň başyndan bäri satylan bahaly paýnamalaryň möçberi 40 million manatdan geçdi. Muňa AGB-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar şaýatlyk edýär.Aşgabat gazna biržasynda (AGB) 2022-nji ýylyň başyndan bäri satylan bahaly paýnamalaryň möçberi 40 million manatdan geçdi. Muňa AGB-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar şaýatlyk edýär.
Çeşme:

Aşgabat gazna biržasynda (AGB) 2022-nji ýylyň başyndan bäri satylan bahaly paýnamalaryň möçberi 40 million manatdan geçdi. Muňa AGB-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

2022-nji ýylyň bäş aýynda AGB-niň söwdalarynda 41,9 million manatlyk gymmatly kagyzlar atyldy, bu bolsa tutuş 2021-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 5 esse ýokarydyr. AGB-nda baglaşylan ähli geleşikler bilen şu salgydan tanşyp bolar.

Häzirki wagtda biržada “Halkbank” bankynyň 1 milliondan gowrak paýnamasy, “Rysgal” bankynyň 17,3 müň paýnamasy we “Senagat” bankynyň 8,4 milliondan gowrak paýnamalary dolanyşykdadyr. “Halkbank”-yň bir paýnamasynyň başlangyç bahasy 303 manada, “Rysgal” bankynyňky – 5 250 manada, “Senagat” bankynyňky – 20 manada barabardyr.

Ýokarda agzalan banklaryň paýnamalary bilen söwda edilende, araçylar bolup çykyş edýän söwdagärler baradaky habarlar we olar bilen habarlaşmak üçin maglumatlar şu salgyda görkezilendir. Şol salgyda hem paýnamalaryň eýelerine geçirilen garaşsyz auditor barlaglary hem-de olaryň paýdarlara ozal tölän paý peýdalary baradaky hasabatlar bilen tanşyp bolar.

Ozal ORIENT AGB-da ýakyn üç ýylda elektron söwda ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň hem-de täze maliýe önümleriniň, şol sanda korporatiw obligasiýalaryň, REPO-nyň, birža maýa gaznalarynyň, deriwatiwalaryň işe girizilmegniň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026