HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: awiakerosiniň bahasy 12%-den gowrak artdy

Iýun 14, 2022 | 20:52 |10941
Duşenbe güni, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million we 7,3 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million we 7,3 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million we 7,3 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanly telekeçi TS-1 görnüşli awiakerosiniň 3 müň tonnasyny satyn almaga şertnama baglaşdy. Soňky söwdalar bilen deňeşdirilende, bu harydyň bahasy 12,1% göterim ýokarlandy we tonnasynyň bahasy $1 184,25 barabat boldy. Geleşigiň umumy bahasy $3,5 million deň boldy.

Türkiýeli işewür söwdalarda $180,6 müň nah ýüplük satyn aldy. Manat serişdelerine BAE-niň hem-de Gazagystanyň telekeçileri 7,3 million manatlyk 166 müň kilogramdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (14-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026