HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy: Russiýa dünýä giňişliginde öz ýörelgesine pugta eýerýär

Iýun 13, 2022 | 07:10 |14670
Ýekşenbe güni Aşgabatda Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýanyň emele gelen ýagdaýlara garamazdan, döwletiň içinde bolşy ýaly, halkara derejesinde-de alyp barýan ýörelgesine pugta eýermegini dowam edýändigini aýtdy.Ýekşenbe güni Aşgabatda Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýanyň emele gelen ýagdaýlara garamazdan, döwletiň içinde bolşy ýaly, halkara derejesinde-de alyp barýan ýörelgesine pugta eýermegini dowam edýändigini aýtdy.
Çeşme:

Ýekşenbe güni Aşgabatda Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýanyň emele gelen ýagdaýlara garamazdan, döwletiň içinde bolşy ýaly, halkara derejesinde-de alyp barýan ýörelgesine pugta eýermegini dowam edýändigini aýtdy. RIA Nowostiniň habar berşi ýaly, bular barada türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Russiýanyň güni mynasybetli RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynda kabul edişlikde çykyş edende aýtdy.

Meredow “Ilçihananyň ähli işgärlerini hem-de olaryň üsti bilen beýik Russiýanyň ähli halkyny Russiýanyň güni bilen gutlady”. Ol “munuň, hakykatdan-da, mazmuny boýunça häzirki Russiýanyň täze durmuşynyň başlanýandygyny aňladýan ýurduň baş baýramydygyny” belledi. Meredowyň sözlerine görä, hut şu döwürden başlap, Russiýa täzeçe ýaşap başlady we döwlet Garaşsyzlygyny yglan eden wagtyndan bäri çylşyrymly, ýöne, öz ösüşinde örän netijeli ýoly geçdi.

“Russiýa dünýäniň syýasy giňişliginde iri döwlet bolupdy, häzir hem şeýle we şeýle bolmagynda galýar” diýip, Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy nygtady.

Onuň pikirine görä, “Russiýa Federasiýasynyň abraýy belentdir, ýurduň häzirki zaman, köptaraplaýyn hem-de köppudakly maliýe-ykdysady ulgamy bolsa häzir Russiýanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň doly hukukly, doly bahaly gatnaşyjysy bolup durýandygyny aýtmaga mümkünçilik berýär”.

“Häzir syýasy we ykdysady ugurlarda emele gelýän ýagdaýlara garamazdan, Russiýa Federasiýasy, ozalkysy ýaly, döwletiň içinde bolşy ýaly, halkara derejesinde-de öz ýörelgesine pugta hem-de yzygiderli eýermegini dowam edýär” diýip, Türkmen Diplomatik edarasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Moskwa bolan saparynyň Türkmenistanyň Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga pugta ynamlydygyny gökezendigini” belledi.

Şeýle hem Meredow Türkmenistanyň iki ýyl mundan ozal, bütin adamzadyň koronawirus bilen ýüzbe-ýüz bolup, ençeme betbagtçylyklary getiren şol çylşyrymly döwürde Russiýanyň ýurda beren goldawyny hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyny nygtady.

“Biz geljekde-de bilelikde işlemäge taýýar” diýip, Meredow aýtdy.

Kabul edilşikde çykyş eden Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Wladiwostokdan başlap, günbatar serhetlere çenli tutuş ýurduň rus jemgyýetiniň jebisliginiň hem-de ýurduň halkynyň taryhy özboluşlylygynyň baýramyny belleýän wagtynda”, Russiýanyň Gününiň baýram edilmegine gatnaşýandyklary üçin myhmanlara hoşallyk bildirdi.

Diplomat iki gün ozal Moskwada ýokary derejede geçirilen rus-türkmen gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi, şol gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklary çynlakaý öňe iterdi.

“Şu gün men türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşiniň iň ýokary nokadynda durýandygyny, munuň ilçi hökmünde meni begendirýändigini, çünki şunda biziň ilçihanamyzyň hem goşandynyň bardygyny bellemek isleýärin” diýip, Russiýanyň doly ygtyýarly wekili nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026