HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-nyň söwdalary: $74 müň jinsi matalar eksporta ugradylar

Iýun 12, 2022 | 08:48 |10171
Anna güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň telekeçisi 33 müň metr jinsi matasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň telekeçisi 33 müň metr jinsi matasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň telekeçisi 33 müň metr jinsi matasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Geleşigiň umumy bahasy $74,2 müň deň boldy. Eksporta Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen jinsi matalar ugradylar.

Söwdalarda jinsi matasynyň bir metriniň bahasy $2,25 deň boldy.

Söwdalara çykarylan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde hem, şu tmex.gov.tm saýtdan gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle-de birža harytlarynyň ýerlenilişi barada bildiriş çap etmek hem mümkin.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026