HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda nebitiň eksport görnüşiniň ady üýtgediler

Iýun 14, 2022 | 00:56 |15057
Russiýanyň portlarynyň üsti bilen nebitiň üstaşyr daşalyşyny amala aşyrýan “CNPC-Aktobemunaigaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä,  2022-nji ýylyň iýun aýyndan gazak nebitiniň eksport edilýän görnüşi KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) diýlip atlandyrylar. Resmi taýdan bu üýtgedilme 6-njy iýundan güýje girdi.Russiýanyň portlarynyň üsti bilen nebitiň üstaşyr daşalyşyny amala aşyrýan “CNPC-Aktobemunaigaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä,  2022-nji ýylyň iýun aýyndan gazak nebitiniň eksport edilýän görnüşi KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) diýlip atlandyrylar. Resmi taýdan bu üýtgedilme 6-njy iýundan güýje girdi.
Çeşme:

Russiýanyň portlarynyň üsti bilen nebitiň üstaşyr daşalyşyny amala aşyrýan “CNPC-Aktobemunaigaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň iýun aýyndan gazak nebitiniň eksport edilýän görnüşi KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) diýlip atlandyrylar. Resmi taýdan bu üýtgedilme 6-njy iýundan güýje girdi.

Gazagystan nebit eksportynyň 20%-nde üstaşyr ýol hökmünde Russiýanyň deňiz portlaryndan peýdalanýar. 2021-nji ýylda 13,3 million tonna golaý nebit eksport edildi.

Nebit önümleriniň hil taýdan tapawutlanýan üç markasyna Demirgazyk Amerikada, Tehasyň günbatarynda öndürilýän West Texas Intermediate (WTI), Brent Demirgazyk deňiz nebiti we BAE-niň Dubai markaly nebiti degişli bolup, nebit eksporty bilen meşgullanýan başga-da 46 ýurduň bolmagyna garamazdan, olaryň bahasy tutuş nebit senagaty üçin ugur görkeziji çelgi bolup durýar. Brent nebitiniň bahasy, düzgün boýunça WTI markasynyň bahasyndan ýokary bolýar, adatça, WTI ОПЕК sebediniň bahasyndan 5-10 dollar ýokary.

Çig nebit derňewleri nebitiň dürli himiki aýratynlyklaryna baha berýänem bolsa, nebitiň gymmatlygyny kesgitleýän iki sany örän wajyp häsiýet – onuň dykyzlygy (API agyrlyk güýji bilen ölçelýär) we düzüminde kükürdiň möçberi (agramyndan %-de) bolup durýar.

Çig nebit uzyn uglewodorod zynjyrlary bolan ýagdaýynda “agyr”, gysga uglewodorod zynjyrlary bolsa “ýeňil” hasaplanylýar, düzüminde kükürdiň gatnaşygy pes bolsa (<0,5%/agramy) “süýji”, ýokary bolsa (>1,0%/agramy) “turşy” hasaplanylýar. Düzgüne görä, API agyrlyk güýji näçe ýokary boldugyça (reňki näçe açygrak boldugyça) şonça-da çig nebit gymmatly saýylýar.

2003-nji ýylda Türkmenistanyň çig nebit we nebit önümleriniň Turkmen Blend milli markasy Platt's Halkara agentliginiň baha aňlatma (kotirowkalar) sanawyna girizildi. Milli markanyň dünýäniň iri agentliginiň sanawynda orun almagy türkmen energiýa göterijileriniň dünýä bazarlaryna çykmagyna giň mümkinçilik döretdi.

Türkmen çig nebitiniň Turkmen Blend markasy Platt's baha aňlatmasy boýunça Çeleken we Ekerem nebitleriniň garyşyk görnüşi esasynda bahalandyrylýar. Turkmen Blend çig nebitiň API agyrlyk güýji 33,00 deň bolup (dykyzlygy derejelerde), düzüminde uglewodorod zynjyrynyň gatnaşygy boýunça aralyk hasaplanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026