HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa bilen Türkmenistan sanlaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekdiler

Iýun 11, 2022 | 00:04 |10161
Russiýa bilen Türkmenistan aragatnaşyk we sanly ulgam pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar, degişli ähtnama gol çekildi.Russiýa bilen Türkmenistan aragatnaşyk we sanly ulgam pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar, degişli ähtnama gol çekildi.
Çeşme:

Russiýa bilen Türkmenistan aragatnaşyk we sanly ulgam pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar, degişli ähtnama gol çekildi. Bu barada TASS habarlar agentligi Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrligine salgylanmak bilen habar berýär.

– Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministriniň orunbasary Bella Çerkesowa we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew 9-njy iýunda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler – diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet dolandyryşyny sanlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ösdürmek, şeýle hem, radio ýygylyk spektrini sazlamak meseleleri boýunça ugurlary işläp düzmek isleglerini mälim etdiler.

Mundan başga-da, geljekde iki ýurduň IT kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürler toparlarynyň iş saparlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Hepdäniň anna güni Kremlde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026