HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB: Türkiýäniň işewüri 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldy

Iýun 09, 2022 | 22:43 |9117
Çarşenbe güni, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Harydyň bahasy ozalky geçirilen söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 3,4% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy $989,50 deň boldy.Geleşigiň umumy bahasy $19,7 million barabar boldy.

Türkmenistanda ECO-93 görnüşli ekologik benzin Ahal welaýatyndaky zawodda tebigy gazdan öndürilýär. Bu kärhana tebigy gazdan senagat möçberlerinde ýangyç öndürip bilýän dünýädäki ilkinji desgadyr.

Şu gün (9-njy iýunda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026