HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslamabat “Pakistan akymy” gaz geçirijisiniň taslamasyny TOPH taslamasy bilen birlikde öňe ilerledýär

Iýun 09, 2022 | 19:37 |9886
Pakistanyň Moskwadaky ilçisi Şafkat Ali Han ýurdunyň “Pakistan akymy” taslamasyna ygrarlydygyny we häzir döwletleriň ýolbaşçy adamlarynyň arasynda hukuk baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.Pakistanyň Moskwadaky ilçisi Şafkat Ali Han ýurdunyň “Pakistan akymy” taslamasyna ygrarlydygyny we häzir döwletleriň ýolbaşçy adamlarynyň arasynda hukuk baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Pakistanyň Moskwadaky ilçisi Şafkat Ali Han ýurdunyň “Pakistan akymy” taslamasyna ygrarlydygyny we häzir döwletleriň ýolbaşçy adamlarynyň arasynda hukuk baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Häzirlikçe anyk seneler ýok. Diňe hukuk ugurlaryna degişli birnäçe meseleler bar. Aýratyn bir mesele ýok. Syýasy erk barada aýdylanda bolsa, iki ýurt hem bu taslama ygrarlydyr” diýip, habarlar agentligi ilçiniň sözlerini getirýär.

Ozal Russiýanyň DIM-iň resmi wekili Mariýa Zaharowa Pakistanyň täze Premýer-ministri Şehbaz Şarif döwründe “Pakistan akymy” gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň dowam etdiriljekdigine Russiýanyň umyt bildirýändigini aýtdy.

Pakistanyň çäklerinde günortadaky Karaçi portundan demirgazykdaky Lahora çenli gurulmagy meýilleşdirilýän gaz geçirijisiniň kuwwatlylygy ýylda 12,4 milliard kubmetre eýe bolar.

“Pakistan akymy” boýunça suwuklandyrylan tebigy gazyň suwuk halyndan gaz halyna öwrülen görnüşinde, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisinden gazyň iberilmegini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bilermenleriň hasaplaýşy ýaly, “Pakistan akymy” hem-de TOPH biri-birine bäsdeş däldir, tersine, olar biri-biriniň üstüni ýetirýär. TOPH gaz geçirijisinden tebigy gazyň “Pakistan akymy” boýunça ýurduň senagat zerurlyklary üçin ugradylmagynyň mümkin bolmagy TOPH-yň möhüm ähmiýetini artdyrýar.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026