HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Korrupsiýa garşy gözegçilik: ýolbaşçylar has düýpli barlanylar

Iýun 08, 2022 | 22:47 |12536
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet wezipelerini eýeleýän ýolbaşçy adamlary barlamak boýunça gözegçilik çäreleriniň täze düzgünnamasyny işläp taýýarlady. Resminama Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet wezipelerini eýeleýän ýolbaşçy adamlary barlamak boýunça gözegçilik çäreleriniň täze düzgünnamasyny işläp taýýarlady. Resminama Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet wezipelerini eýeleýän ýolbaşçy adamlary barlamak boýunça gözegçilik çäreleriniň täze düzgünnamasyny işläp taýýarlady. Resminama Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.

Düzgünnama ýolbaşçylar hem-de olaryň doga-garyndaşlary tarapyndan emläkleri satyn almak we satmak barada şertnamalar baglaşylanda korrupsiýa ýollaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen barlaglaryň sanyny artdyrýar. Şeýle hem resminama degişli barlaglary geçirýän adamlaryň ygtyýarlyklaryny giňeldýär.

Barlaglaryň täze görnüşleri işewürligi hem-de ofşor hasaplary bolan wezipeli adamlary ýüze çykarmaga gönükdirilen täjirçilik amallaryna yzygiderli gözegçilik edilmegini özünde jemleýär.

Maý aýynyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna korrupsiýany ýok etmek üçin ähli tagallalary etmegi hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle tabşyrygy döwlet Baştutanymyz Baş prokuroryň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ulgamynda birnäçe korrupsiýa ýollarynyň ýüze çykarylandygy baradaky hasabatyndan soň berdi.

Täze düzgünnama bu hukuk düzgün bozmalara ýol berilmezligi boýunça çäreleriň ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de jemgyýetde korrupsiýa garşy alnyp barylýan syýasatyň wezipelerine we talaplaryna agzybirlik bilen düşünilmegine gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026