HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Maý aýynda TDHÇMB-da suwuklandyrylan gaz iň uly islege eýe boldy

Iýun 04, 2022 | 06:58 |8484
2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $195.2 millionlyk daşary söwda geleşiginiň 162-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $195.2 millionlyk daşary söwda geleşiginiň 162-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $195.2 millionlyk daşary söwda geleşiginiň 162-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Suwuklandyrylan gaz iň uly islege eýe boldy. daşary ýurtly telekeçiler TDHÇMB-da jemi $13,6 milliona suwuklandyrylan tebigy gazyň 28 müň tonnasyny satyn aldylar, harydyň bir tonnasynyň ortaça bahasy $487,45 deň boldy.

11-nji maýda, suwuklandyrylan tebigy gaza dellallar $520.80 teklip edeninde, haryt iň gymmat bahasyna ýetdi. 20-nji maýda alyjylar türkmen suwuklandyrylan tebigy gazy üçin $465 tölemäge taýyn bolanlarynda, gymmatly önümiň iň arzan bahasy boldy.

2022-nji ýylyň maý aýynda TDHÇMB-nyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy

2022-nji ýylyň maý aýynda TDHÇMB-nyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy

Maý aýynda iň köp satylýan ikinji haryt dizel ýangyjy boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bahasy bir tonnasyna $1 120,25 boldy. Bu önüm jemi $21,4 millionlyk 20 müň tonna satyn alyndy.

Şeýle hem maý aýynda söwdalarda L-0.2-62 görnüşli dizel ýangyjy (bir tonnasyna $995,50), TS-1 (bir tonnasyna $1 170,75) we Jet A-1 (bir tonnasyna $1 033,25) görnüşli awiakerosin, polietileniň T60-475-119 (bir tonnasyna $885) we T50-500 (bir tonnasyna $880) görnüşleri, A-92 (bir tonnasyna $1 024,25) görnüşli benzin ekporta satyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026