Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

TDHÇMB-niň söwadalary: ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 30 müň tonnasyny ibermäge geleşikler baglaşyldy

Iýun 03, 2022 | 02:03 |20300
Çarşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $45,6 million we 95,8 million manat bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $45,6 million we 95,8 million manat bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $45,6 million we 95,8 million manat bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň jemi 30 müň tonnasyny atyn aldylar.Onuň bir tonnasynyň bahasy $979,50 boldy. Geleşikleriň umumy bahasy $29,3 million barabar boldy.

BAE-niň wekili $3,3 million (tonnasy üçin $677) jemlenen nebit koksunyň 5 müň tonnasyny satyn aldy. Türkiýeli telekeçi $1,2 million (tonnasy üçin $828) ýakylan nebit kosunyň 1,5 müň tonnasyny almaga geleşik baglaşdy.

BAE-niň telekeçisi $11,5 million (tonnasynyň bahasy $1 159,50) suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn aldy.

Içerki bazarda ýerli işewürler 38,5 million manatlyk pagta lintiniň 27,5 müň tonnasyny hem-de 57,3 million manada inçe süýümli pagtanyň 11 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýle hem alyjylaryň biri 70,4 million manada elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (2-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026