Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Aşgabatda serhetüsti taslamalaryň ekologiýa ýetirýän täsirine baha bermek boýunça okuw geçirildi

Iýun 03, 2022 | 00:26 |13085
Aşgabatda 30-31-nji maýda ÝHHG-na agza döwletleriň Espo Konwensiýasyna goşulyşmagy we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara hem-de öňdebaryjy tejribe babatda iki günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.Aşgabatda 30-31-nji maýda ÝHHG-na agza döwletleriň Espo Konwensiýasyna goşulyşmagy we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara hem-de öňdebaryjy tejribe babatda iki günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme:

Aşgabatda 30-31-nji maýda ÝHHG-na agza döwletleriň Espo Konwensiýasyna goşulyşmagy we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara hem-de öňdebaryjy tejribe babatda iki günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

Espo Konwensiýasy – bu serhetüsti işler bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek baradaky Konwensiýanyň gysgaldylan ady. Bu halkara ylalaşygy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan öňe sürüldi hem-de 1991-nji ýylda Finlýandiýanyň Espoo şäherinde gol çekilip, 1997-nji ýylda güýje girdi.

Konwensiýa laýyklykda, howply hasaplanylýan taslamalaryň daşky gurşawa täsir etmegine baha bermek işleri (köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmalary özünde jemleýän) diňe döwletiň içinde däl, eýsem, bu desgalaryň täsirine düşüp biljek serhetdeş ýurtlarda-da geçirilmelidir. Özi-de, baha bermek işleri meýilleşdirmegiň başky tapgyrlarynda geçirilmelidir.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Çernogoriýanyň we Täjigistanyň halkara bilermenleri Espo Konwensiýasynyň tehniki ugurlary we işlere bildirilýän talaplar, onuň düzgünnamalary we milli derejede durmuşa geçirilmegi boýunça anyk teklipler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

– Espo Konwensiýasy Orhuss konwensiýasynyň düzgünnamalary bilen özara baglanyşyklydyr hem-de milli we sebit derejelerinde ekologiýanyň bildirilýän talaplara laýyklykda dolandyrylmagyny hem-de ekologiýa demokratiýasyny gazanmakda möhüm gural bolup hyzmat edýär – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rune Kastberg aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026