TDHÇMB-da söwdalary: daşarky bazara $90 milliona golaý karbamid satyldy


Anna güni 27-nji maýda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda BAE-niň telekeçisi 250 müň tonna “B” derejeli karbamid satyn aldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Söwdalarda harydyň bir tonnasyny $357,50 satmak barada ylalaşyk gazanyldy. Geleşigiň umumy bahasy $89,3 million barabar boldy.
Türkmenistanda esasy karbamid öndüriji kärhanalar “Garabogazkarbamid” we “Tejenkarbamid” zawodlarydyr. Garabogazdaky kärhana Merkezi Aziýanyň iň irisi bolup, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenendir.
Duşenbe güni (30-njy maýda) söwdalara çykarylan harytlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär
Şol bir wagtyň özünde hem, şu tmex.gov.tm salgydan biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş çap etmek hem mümkin.
ORIENT news








