HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran türkmen gazyny Ermenistana çalyşmak ulgamy boýunça geçirmäge taýýar

Maý 28, 2022 | 06:05 |11819
Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Abbas Badahşan Zohuri ýakyn wagtda Eýran bilen Ermenistanyň arasynda gazy çalyşmak görnüşinde täze hyzmatdaşlygyň başlamak mümkiniçiligi bar diýip hasaplaýar. Bu barada “Armenpress” agentligi habar berýär.Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Abbas Badahşan Zohuri ýakyn wagtda Eýran bilen Ermenistanyň arasynda gazy çalyşmak görnüşinde täze hyzmatdaşlygyň başlamak mümkiniçiligi bar diýip hasaplaýar. Bu barada “Armenpress” agentligi habar berýär.
Çeşme:

Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Abbas Badahşan Zohuri ýakyn wagtda Eýran bilen Ermenistanyň arasynda gazy çalyşmak görnüşinde täze hyzmatdaşlygyň başlamak mümkiniçiligi bar diýip hasaplaýar. Bu barada “Armenpress” agentligi habar berýär.

“Tehniki we hünär ugurly meseleler bolup, olar degişli hünärmenler tarapyndan öwrenilýär hem-de maslahatlaşylýar. Bu işler tamamlanmanka bir zatlar barada aýtmak dogry bolmaz. Netijelere garaşalyň, netije nähili bolsa-da, ol iki ýurt üçin hem bähbitli bolar” diýip, agentlik ilçiniň sözlerini getirýär.

Eýranyň Doly ygtyýarly wekili Ermenistanda geçirilen 17-nji ermeni-eýran hökümetara mejlisinde energetika ulgamyndaky ylalaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy, şol meseleleriň bir bölegi gazy çalyşmaga degişli boldy diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň nebir ministri Jawad Oji ýurdunyň türkmen gazyny Ermenistana çalyşmak ulgamy boýunça geçirmäge taýýardygyny aýdyp, Türkmenistandan Ermenistana gazy geçirmek baradaky gepleşikleriň eýýäm başlanandygyny belledi.

2004-nji ýylda Ermenistan we Eýran gazy elektrik energiýa çalyşmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Şol ylalaşyk gazy Ermenistana 20 ýylyň dowamynda eksport etmäge Eýrana mümkinçilik berýär, onuň ýerine bolsa Eýran Ermenistandan elektrik energiýasyny alýar.

Türkmenistan tebigy gazyň gory boýunça Russiýa, Eýran we Katar bilen bir hatarda, dünýä ýurtlarynyň ilkinji dörtlügine girýär.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026