HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energetikanyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar

Maý 28, 2022 | 20:51 |12678
Duşenbe şäherinde geljek hepdede, 2-4-nji iýunda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň geljegi” atly sebit maslahaty geçiriler.Duşenbe şäherinde geljek hepdede, 2-4-nji iýunda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň geljegi” atly sebit maslahaty geçiriler.
Çeşme:

Duşenbe şäherinde geljek hepdede, 2-4-nji iýunda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň geljegi” atly sebit maslahaty geçiriler.

Maslahatyň maksady Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini hem-de energiýa taýdan netijeliligi ösdürmäge ýardam bermekden ybarat diýip, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi resmi saýtynda habar berýär.

Forumyň gün tertibinde kununçylygy kämilleşdirmek üçin döwlet düzümlerini goldamagyň anyk çärelerini kesgitlemek; gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini ösdürmäge we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen has laýyk gelýän işewürlik-nusgalaryny tapmak; gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini öňe ilerletmegiň iň oňat halkara tejribeleri bilen tanyşmak we hyzmatdaşlyk etmek üçin çäreleri guramak ýaly wezipeler durýar.

Maslahat Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi, ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýanyň energetikasy” diýen taslamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), Täjigistanyň gaýtadan dikeldilýän energetika assosiasiýasy hem-de “Nerui toza” YÖB tarapyndan guralýar.

Duşuşykda Gün we ýel serişdelerine baha bermek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tejribesi çuňňur öwreniler.

Çäre gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini ulanmak boýunça bar bolan kuwwaty ösdürmek üçin bu ýurtlaryň işlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, duşuşyk energetika ulgamynda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek hem-de wezipelerini çözmek ugrunda tagallalary güýçlendirmek we berkitmek boýunça tejribe alyşmaga hem-de teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Maslahat gatnaşmaga BMGÖM-niň, USAID-iň, Bütindünýä bankynyň, AÖB-niň, ÝAÖB-niň, şeýle hem beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň, işewür we akademiki toparlaryň, hökümete degişli bolmadyk ekologiýa guramalarynyň, raýat jemgyýetleriniň wekilleri çagyryldy.

Ýeri gelende habar bersek, şu gün Duşenbe şäherinde 25-nji maýda açylan her ýyl geçirilýän “Suw energetikasy:Merkezi Aziýa we Hazar 2022” atly 6-njy Halkara Kongresi we sergisi ýapyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026