HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz welaýatynda köpugurly we onkologiýa hassahanalary açyldy

Maý 28, 2022 | 00:07 |17668
Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly açylyşy boldy.Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly açylyşy boldy.
Çeşme:

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze lukmançylyk desgalarynyň – Daşoguz welaýat köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabarasy boldy – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

450 orunlyk köpugurly hassahana 8 bölümden ybarat bolup, näsaglary gyssagly ýetirmek üçin dikuçar meýdançasy bilen üpjün edilendir.

Täze hassahana ýürek-damar ulgamynyň, öýken we dem alyş ýollarynyň, peşew ulgamynyň kesellerini bejermek üçin zerur bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

6 gatdan ybarat 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynda ambulatoriýa–öňüni alyş, palliatiw terapiýasy, umumy onkologiýa, kliniki-dispanser gözegçiligi we radiologiýa, gematologiýa hem-de himioterapiýa bölümleri bar.

Lukmançylyk desgalarynyň ikisi-de Görogly köçesiniň ugrunda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilendir.

Ozal Daşoguzda anyklaýyş merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi ýaly döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup, ulanmaga berlipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026