HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrüldi

Maý 27, 2022 | 03:53 |9233
Gruziýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Awtandil Napetwaridze Türkmenistanyň Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrülendigini aýtdy.Gruziýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Awtandil Napetwaridze Türkmenistanyň Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrülendigini aýtdy.
Çeşme:

Gruziýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Awtandil Napetwaridze Türkmenistanyň Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrülendigini aýtdy. Gruzin diplomatynyň Gruziýanyň döwlet Garaşsyzlygynyň gaýtadan dikeldilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanylan makalasy “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edildi.

“Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrülendigini bellemek gerek. Gruziýa 2021-nji ýylyň jemleri boýunça benziniň we dizel ýangyjynyň import edilmeginiň hemme möçberiniň 21,3 göterimini Türkmenistandan amala aşyrydy. Howa ulaglaryna niýetlenilen kerosin barada aýdylanda bolsa, bu görkeziji has-da ýokarydyr – 59,9 göterim” – diýilip, gruzin diplomatynyň makalasynda nygtalýar.

Napetwaridze makalasynda COVID-19 pandemiýasy netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň çökgünlige düşmegi esasynda 2020-nji ýylda emele gelen ep-esli pese düşmeden soň, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň häzirki wagtda güýçli depginler bilen ýokarlanýandygyny belleýär. Diplomat Gruziýanyň milli statistika gullugynyň görkezijilerine görä, 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça ondan aňyrky ýyl bilen deňeşdirilende, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň 2,5 esse artandygyny we pandemiýa çenli bolan 2019-njy ýylyň görkezijisinden 28 göterim ýokarlanandygyny nygtaýar.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026