HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “Hazar 2022” Astrahan forumyna gatnaşýar

Maý 24, 2022 | 19:47 |10362
Astrahanda 22-24-nji maý aralygynda “Hazar 2022: durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forum geçýär. Pikir alyşmalara halkara guramalarynyň we Hazarýaka ýurtlarynyň ylymlar akademiýalarynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Rushyzmatdaşlygynyň, hökümet edaralarynyň, işewür jemgyýetçiliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.Astrahanda 22-24-nji maý aralygynda “Hazar 2022: durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forum geçýär. Pikir alyşmalara halkara guramalarynyň we Hazarýaka ýurtlarynyň ylymlar akademiýalarynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Rushyzmatdaşlygynyň, hökümet edaralarynyň, işewür jemgyýetçiliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Çeşme:

Astrahanda 22-24-nji maý aralygynda “Hazar 2022: durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forum geçýär. Pikir alyşmalara halkara guramalarynyň we Hazarýaka ýurtlarynyň ylymlar akademiýalarynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Rushyzmatdaşlygynyň, hökümet edaralarynyň, işewür jemgyýetçiliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň geçirilmegi ählumumy innowasion we ylmy giňişligi döretmek hem-de oňa Hazar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşulyşmagy ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Çäräniň esasy meseleleri gämi gurluşygynda, IT-tehnologiýalarda we ulag düzümlerinde importuň ornuny tutmak boýunça möhüm taslamalary ösüdrmekden, ýaşlar syýasatyndan ybarat boldy.

Çäräni Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin dabaraly açdy. “Hazaryň çäkleri özara hereket etmek we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwrüň anyk ýagdaýlarynda bu ugur strategik taýdan möhüm bolup durýar” diýip, sebitiň ýolbaşçysy aýtdy.

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň resmi wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Rusiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsuly Güýç Garaýew çärä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Ol Hazarýaka ýurtlaryň ösüşi baradaky meseleleriň çözülmeginde hemişelik gatnaşyklaryň neneňsi wajypdygy barada aýtdy.

В Астрахани проходит с 22 по 24 мая международный научный форум «Каспий 2022: пути устойчивого развития»

“Bu hyzmatdaşlyk geljekki döredijilikli işler üçin binýat döredýär--diýip, konsul belledi. –Hazar halkara söwdasyny hem-de beýleki ulgamlaryň işini giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýar. Forumyň işiniň netijesinde biz halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda çäreleri görüp, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin bilelikdäki hereketleri kesgitläp bileris”.

Güýç Garaýew Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine gubernator Igor Babuşkiniň uly goşandyny belläp, Türkmenistan üçin Astrahan oblastynyň geljegi uly hyzmatdaş bolup durýandygyny we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň özara bähbitleriň we hormat goýmagyň esasynda guralýandygyny nygtady.

Şeýle hem forumyň mejlislerine onlaýn görnüşde Eýrandan, Azerbaýjandan, Türkmenistandan hem-de beýleki ýurtlardan gatnaşyjylar goşuldylar. Aşgabatdan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Merjem Muhammedowa çykyş etdi.

В Астрахани проходит с 22 по 24 мая международный научный форум «Каспий 2022: пути устойчивого развития»

Ol “Ýaşlaryň halkara başlangyçlary” atly pikir alyşmalara ýolbaşçylyk edip, şonda ýaşlaryň we talyplaryň durmuş-medeni taýdan uýgunlaşmagyna gönükdirilen iň oňat tejribeler hem-de taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalar we başlangyçlar, Hazarýaka ýurtlaeryň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de ýaşlar guramalarynda meýletinçiler we haýyr-sahawat çäreleri baradaky meselelere garaldy.

Forumda ýaşlaryň gatnaşan güni bilermenler we oňa gatnaşyjylar ýaşlar syýasatynyň ýagdaýyny, durmuş-medeni işjeňligi ýokarlandyrmak, ýaşlaryň telekeçiligini, ylmy we ylmy halypaçylygy ösdürmek bardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini öňe ilerletmegiň we ösdürmegiň tejribesi” atly ussatlyk sapagy geçirilip, bu ulgamyň we okyjylaryň özara gatnaşyklarynyň ýollaryna, habar beriş ýaýlymlarynyň wezipesiniň hem-de mazmunynyň üýtgeýşine we täzeden bölünişine, täze habar beriş ulgamyna degişlilikde strategik ölçeýiş gurallarynyň ulanylyşyna hem-de bu ulgamyň işiniň işjeňleşdirilmegini höweslendirmegiň usullaryna garaldy.

В Астрахани проходит с 22 по 24 мая международный научный форум «Каспий 2022: пути устойчивого развития»

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça dilleri öwretmek bilen meşgullanýan merkezleriň işini guramak arkaly daşary ýurt raýatlarynyň bilim alýan ýurduna oňyn gatnaşyklaryň kemala getirilmegine, daşary ýurtly talyplaryň sebit guramalarynyň işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi barada ylalaşyklar gazanyldy. Ýewraziýa ýurtlarynyň medeniýetlerini öwrenmäge gönükdirilen etnofestiwallary, döredijilik, teatr çykyşlaryna, kino görkezilişlerine, sergilere barlyp görülmegini guramak barada teklip öňe sürüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026