HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynda Akhan atly meşhur ahalteke bedewiniň hormatyna ýadygärlik bina ediler

Maý 24, 2022 | 00:29 |19301
Türkmenistanyň Ahal welaýatynda meşhur ahalteke bedewi Akhanyň hormatyna ýadygärlik bina ediler.Türkmenistanyň Ahal welaýatynda meşhur ahalteke bedewi Akhanyň hormatyna ýadygärlik bina ediler.
Çeşme:

– Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi meşhur ahalteke bedewi Akhanyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň gurluşyk-taslama işlerini ýerine ýtirmek üçin hususy kärhana bilen şertnama baglaşar – diýip, şu gün Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Akhan atly bedew 2018-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmek bilen meşhurlyk gazandy. Ol 10 metr aralygy çarpaýa galyp, bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. 2017-nji ýylda Akhan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Şonda Akhana atlanan çapyksuwar Aziada-2017-niň alawyny ýakdy.

Ýadygärligiň taslama we gurluşyk işlerini ozal Aşgabatda “Welosiped” binasyny, “Jahan” döredijilik merkezini we beýleki binalary guran “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy ýerine ýetirer.

Binanyň gurluşygy 2022-nji ýylyň maý aýynda başlanyp, dekabr aýynda tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026