HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gökdepe metjidinde BAE-niň merhum döwlet Baştutanynyň hatyrasy tutuldy

Maý 21, 2022 | 22:31 |10438
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky metjitde türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky metjitde türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky metjitde türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Sadakadan öňürti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy baradaky habary gynanç duýgusy bilen kabul edendiklerini hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň hatyra çärelerine gatnaşandygyny belledi.

Председатель верхенй палаты туркменского парламента Гурбангулы Бердымухамедов на садака по случаю дня поминовения почившего президента ОАЭ

Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan ömründe yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň BAE-niň merhum Baştutanynyň

Aşgabatda metjidiň, Döwletliler köşgüniň, «Ene mähri» hem-de Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasynyň bardygyny belledi.

Гости садака в Туркменистане по случаю дня поминовения почившего президента ОАЭ

Prezidenti aýratyn tagalla etdi. Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur diýip, Milli GeňeşiňHalk MaslahatynyňBaşlygy belledi hem-de ýola goýlan asylly däpleriňdowam etdirilip, ýurtlarymyzyňarasyndaky gatnaşyklaryňmundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini nygtady.

– Hoşniýetli erke we dost-doganlyga daýanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri Halkymyz hemişe ýagşylykda ýatlar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem şol gün Köşidäki metjitde we Döwletliler köşgünde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026