HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: kükürtden arassalanan dizel ýangyjy we tüýjümek önümler eksporta satyldy

Maý 20, 2022 | 02:02 |10181
Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy  $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan  4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy  $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan  4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan 4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler 3,2 million dollara jemi 4 müň tonna kükürtden arassalanan dizel ýangyjyny ($812,75) satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri boýalan tüýjümek önümleriniň (her kg. üçin $5.50) $302,5 müň almak barada şertnama baglaşdylar.

Içerki bazarda hususy ulgam umumy bahasy 1,2 million manatlyk T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 70 tonnasyny (18 müň TMT) satyn aldy.

Şu güni (19-njy maýda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026