HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TASS Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň ykbaly barada bilermeniň aýdan pikirini beýan etdi

Maý 13, 2022 | 23:43 |11940
Türkmenistandan Azerbaýjana we soňra energiýa serişdeleriniň üstaşyr Ýewropa iberiljek Hazarüsti gaz geçirijisiuniň togtadylan gurluşyk taslamasy täzeden ünsi çekip biler.Türkmenistandan Azerbaýjana we soňra energiýa serişdeleriniň üstaşyr Ýewropa iberiljek Hazarüsti gaz geçirijisiuniň togtadylan gurluşyk taslamasy täzeden ünsi çekip biler.
Çeşme:

Türkmenistandan Azerbaýjana we soňra energiýa serişdeleriniň üstaşyr Ýewropa iberiljek Hazarüsti gaz geçirijisiuniň togtadylan gurluşyk taslamasy täzeden ünsi çekip biler. Bu barada çarşenbe güni TASS-yň habarçysyna interwýusynda Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geografiýa institutynyň “Dikeldiş geografiýasy we syýahatçylyk” bölüminiň müdiri Zaur Imrani aýtdy.

Aşgabat we Baky indi köp wagt bäri türkmen kenarýakasyndan Hazaryň düýbünden Azerbaýjana gaz geçirijisini çekmegiň mümkinçiligine garaýar. Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça konwensiýa şeýle taslamalaryň diňe suw çäkleri geçirijiniň geçjek ýurtlarynyň arasynda ylalaşylmagyny göz öňünde tutýar. Konwensiýa gol çekilenden soň, KHBS-niň birnäçesinde ylalalaşygyň taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýol açandygy barada habarlar peýda boldy. Şol taslama azyndan 30-ýylyň dowamynda her ýyl Ýewropa bazaryna türkmen gazynyň 30 milliard kubmetr möçberde iberilmegini göz öňünde tutýar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Trans Caspian Resources (TCR) amerikan kompaniýasy möçberi boýunça Hazarüsti gaz geçirijisinden pes, ýöne, onuň pikirine görä, geljegi uly maýa goýum taslamasy bolan Hazarüsti birleşdirijisiniň taslamasyny hödürledi. Ol Hazarda Türkmenistanyň deňiz guýularyndan tebigy gazy Azerbaýjanyň ozaldan bar bolan düzümine ibermek üçin orta kuwwatlykly ugurdyr.

Şeýle taslama bir ýylda 10-12 milliard kubmetr töweregi gazy ugradyp biljek birleşdirijiniň döredilmegine has az möçberde maýa goýumlary hem-de wagty talap eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026