HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslamabatda türkmen-pakistan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy bellenildi

Maý 13, 2022 | 02:42 |8459
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Pakistanyň parahatçylyk we diplomatik barlaglary instituty bilen bilelikde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdiler.Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Pakistanyň parahatçylyk we diplomatik barlaglary instituty bilen bilelikde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdiler.
Çeşme:

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Pakistanyň parahatçylyk we diplomatik barlaglary instituty bilen bilelikde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdiler.

Forumyň işine Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatçylar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, KHBSI-niň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar çykyşlarynda Pakistanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny bellediler. Şeýle hem bu ýurt Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, öňe sürlen birnäçe başlangyçlaryň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” we “Halkara bitaraplyk güni hakynda” kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

В Исламабаде отметили 30-летие туркмено-пакистанских дипотношений

Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýurtlaryň arasynda döwlet Baştutanlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzir ýurtlaryň ikisi hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem – Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň hem-de beýleki abraýly guramalaryň we sebitleýin düzümleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýärler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklara geçirilen seljermeler hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini we giň gerimlidigini görkezýär, şol gatnaşyklar esasy pudaklarda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika we söwda-ykdysady ulgamlarda üstünlikli ösüdirilýär. Kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kubmetre barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy möhüm taslamalaryň biridir. Türkmen tebigy gazynyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmnäge gönükdirilen taslama ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna-da hyzmat eder hem-de yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ähli ulgamyna goşmaça durnuklylygyň gazanylmagyna mümkinçilik berer.

В Исламабаде отметили 30-летие туркмено-пакистанских дипотношений

Gaz geçiriji bilen birlikde, elektrik geçiriji we süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamy (TOP) hem çekiler. Bu ulgamlar Pakistanyň senagatynyň hem-de halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň ösmegine itergi berer. Ýokarda agzalan desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy daşky gurşawa, gürrüňsiz suratda, oňyn täsir etjek arassa tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, Pakistanda onlarça müň goşmaça iş orunlaryny döreder hem-de adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrar.

Iş orunlarynyň döredilmegi 220 million adamdan gowrak ilaty bolan Pakistan üçin tiz ösýän ýurt hökmünde aýratyn möhümdir, şunda ilatyň üçden iki bölegi 30 ýaşdan aşakda bolan ýaşlardyr.

Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda ulag-kommunikasiýalar ulgamynda uly mümkinçilikler bar. Pakistan Demirgazyk-Günorta we Günorta-Günbatar ugurlarynda Türkmenistanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň halkasyna goşulyp biler.

Okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Masut Malik bilen TOPH hem-de TOP taslamalaryny mundan beýläk-de öňe ilerletmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň meseleleri boýunça söhbetdeşligi geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026