HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Senegalda Afrikanyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa çäresi açyldy

Noýabr 03, 2026 | 11:00 |138
Çeşme: orient.tm

Olimpiýa hereketi ilkinji gezek Afrika yklymyna gelip, öz taryhynda täze sahypany açýar. Bu möhüm waka dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaşlary birleşdirip, sportuň we medeniýetiň halklary ýakynlaşdyrmakdaky ornuny görkezýär.

31-nji oktýabrda Senegalyň paýtagty Dakarda 2026-njy ýylyň Ýaşlar Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu Afrika yklymynda geçirilýän ilkinji Olimpiýa çäresidir.

Dabara Dakardan takmynan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Diamniadio şäherindäki 55 müň tomaşaçy orunlyk Abdulaý Wad adyndaky stadionda geçirildi.

Açylyş dabarasynyň aýratyn pursatlarynyň biri dünýäniň dürli ýurtlaryndan 100 ýaş adamyň wirtual giňişlikde afrika deplerini çalýan çykyşynyň görkezilmegi boldy. Bu çykyş Hytaýyň emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen taýýarlanyldy.

Her bir gatnaşyjynyň diňe bir suratyny ibermegi ýeterlik boldy. Emeli aň ulgamy şol surat esasynda adamyň dep çalýan görnüşindäki gysga wideony awtomatik döretdi.

«Emeli aň açylyş dabarasynyň sahna täsirlerini döretmekde örän möhüm orun eýeledi we dabarany täze derejä çykardy» diýip, guramaçylyk komitetiniň baş utgaşdyryjysy Ibrahima Wade belledi.

Oýunlaryň myhmanlary üçin ýörite interaktiw zolak hem döredildi. Bu ýerde isleg bildirýänler milli lybaslarda dep çalýan görnüşindäki şahsy wideolary taýýarlap, ýadygärlik kartlaryny alyp bilýärler.

Hytaýly hünärmenler bilet satuwyny, elektron wizalary, ýaryşlaryň dolandyrylyşyny we maglumat hyzmatlaryny üpjün edýän ýörite bulut hasaplaýyş platformasyny hem işläp düzdüler.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Afrika yklymynyň taryhyndaky ilkinji Ýaşlar Olimpiýa oýunlary Senegalda geçirilip, sport, medeni däpler we döwrebap sanly mümkinçilikler bir ýere jemlenýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026