HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sergilerden önümçilige: halkara kompaniýalar näme üçin Hytaýdaky işini giňeldýärler?

Noýabr 03, 2026 | 14:00 |144
Çeşme: orient.tm

Dünýä ykdysadyýeti adaty haryt söwdasyndan has ýakyn senagat we tehnologik hyzmatdaşlyga tarap ösýär. Halkara sergiler işewürlik gatnaşyklarynyň maýa goýum taslamalaryna öwrülýän, innowasion tehnologiýalaryň bolsa amaly ulanyşa girizilýän möhüm meýdançalaryna öwrülýär.

5–10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçiriljek dokuzynjy Hytaý halkara import sergisiniň — CIIE-niň öňüsyrasynda daşary ýurt korporasiýalary Hytaý bazaryndaky işini giňeltmegi dowam etdirýärler.

CCTV+-niň maglumatlaryna görä, halkara kompaniýalar bu sergini diňe önümlerini tanyşdyrmak üçin däl, eýsem täze hyzmatdaşlary tapmak, önümçiligi ýerli şertlerde ösdürmek we tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmek üçin hem ulanýarlar. Munuň mysallarynyň biri AstraZeneca halkara derman kompaniýasydyr. Ol CIIE sergisine gatnaşan ýyllarynda 20 sany innowasion derman serişdesini görkezdi we Hytaýdaky önümçilik işini giňeltdi.

Habarda getirilen maglumatlara görä, kompaniýa Usi şäherindäki täze zawoda 475 million ABŞ dollaryny, Taýçžoudaky önümçilik ugruna 27 million dollary, Sindao şäherindäki taslama bolsa takmynan 136 million dollary maýa goýdy.

AstraZeneca 2030-njy ýyla çenli Hytaýdaky umumy maýa goýumlarynyň möçberini 100 milliard ýuandan gowrak derejä ýetirmegi meýilleşdirýändigini hem mälim etdi.

Beýleki bir mysal elektrikleşdiriş we senagat awtomatlaşdyrylyşy ugurlarynda işleýän ABB halkara tehnologiýa toparydyr. Soňky on ýylyň dowamynda kompaniýa Hytaýa 1,3 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.

ABB CIIE sergisinde 380-den gowrak tehnologik çözgüdi hödürläp, strategik hyzmatdaşlyk boýunça takmynan 120 ylalaşyga gol çekdi. Kompaniýanyň ileri tutýan ugurlaryna energetika özgertmeleri, senagaty sanlylaşdyrmak we ýerli innowasiýalary ösdürmek girýär.

Ýokary tehnologiýaly pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlarynyň ähmiýeti hem artýar. CCTV+-niň Hytaýyň Söwda ministrligine salgylanyp getiren maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda bu pudaklara goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlary 35,1 göterim artyp, 200,26 milliard ýuana ýetdi.

Ýokary tehnologiýaly pudaklaryň paýyna görkezilen döwürdäki umumy daşary ýurt maýa goýumlarynyň 41,7 göterimi düşdi.

Bu görkezijiler halkara işewürligiň ýokary goşulan gymmatly önümçiliklere bolan gyzyklanmasyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, aýry-aýry pudaklardaky ösüş tutuş ykdysadyýetde maýa goýumlarynyň birmeňzeş artýandygyny aňlatmaýar.

Dokuzynjy CIIE sergisine Fortune 500 sanawyndaky we dürli pudaklarda öňdebaryjy orun eýeleýän 300-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergide 480-den gowrak täze önümi görkezmek meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa döwletleri üçin Hytaýyň tejribesi söwdany maýa goýumlary we senagat hyzmatdaşlygy bilen utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan gyzyklydyr. Halkara sergilere gatnaşmak bilelikdäki kärhanalary döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge tarap ilkinji ädim bolup biler.

Türkmenistan üçin bu çemeleşme energetika, nebitgazhimýa senagaty, ulag-logistika we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamlarynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu ugurlarda mümkinçilikler diňe maýa çekmek bilen çäklenmän, önümçiligi awtomatlaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, hünärmenleri taýýarlamak we döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen hem baglanyşyklydyr.

Şol bir wagtda halkara hyzmatdaşlygyň üstünligi gol çekilen ylalaşyklaryň sany bilen däl-de, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we durnukly ykdysady netijeleriň gazanylmagy bilen kesgitlenýär.

Şeýlelikde, halkara sergiler söwda, maýa goýumlary we senagat ösüşiniň arasynda möhüm baglanyşyk döredýär. Bu ugurlary utgaşdyrmak ukyby häzirki zaman ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän şertleriň birine öwrülýär.

SSTV+-niň habar bermegine görä, dokuzynjy Hytaý halkara import sergisiniň öňüsyrasynda daşary ýurt kompaniýalary Hytaýdaky işini giňeldip, uzak möhletli maýa goýumlaryna, önümçiligi ýerli şertlerde ösdürmäge we tehnologik hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026