Aşgabadyň syýahatçylyk brendi Pusanda şäher syýahatçylygy boýunça Bütindünýä sammitinde tanyşdyryldy


Aşgabat şäher häkimliginiň wekiliýeti şäheriň häkimi Rahym Gandymowyň ýolbaşçylygynda Koreýanyň Pusan şäherinde «Ýerli syýahatçylyk: şäher ykdysadyýetiniň we syýahatçylyk innowasiýalarynyň arabaglanyşygy» şygary astynda geçirilen şäher syýahatçylygy boýunça II Bütindünýä sammitine gatnaşdy. Forum 16 döwletden 30-dan gowrak şäheriň wekillerini, şeýle hem pudagyň bilermenlerini we öňdebaryjylaryny bir ýere jemledi.

Forumyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň häkimi häkimleriň «tegelek stol» mejlisinde çykyş edip, Aşgabadyň ak mermerli megapolis hökmünde, halkara dialogyň merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalaryna açylýan derweze hökmündäki giň mümkinçiliklerini beýan etdi.

R. Gandymowyň Pusan şäheriniň häkimi Çon Je Su bilen bolan duşuşygynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny — döwrebap syýahatçylyk düzümini we sanly hyzmatlary döretmekde tejribe alyşmakdan başlap, bilelikdäki medeni taslamalara çenli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitde Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ýörite mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy paýtagtyň myhmansöýerlik we logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy, «Global City Tourism Roadshow» halkara meýdançasynda bolsa Türkmenistanyň sergi diwarlygy guralyp, ol forumyň myhmanlaryny ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasy we milli däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşdyrdy.







