HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Oktýabr 31, 2026 | 18:00 |412
Çeşme: orient.tm

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Hytaýyň soňky ýyllarda häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurda öwrülendigini aýtdy. Ol ýurduň ykdysady we tehnologik kuwwatynyň artandygyny, şeýle hem halkara işlerinde syýasy täsiriniň güýçlenendigini belledi.

Bu barada Germaniýanyň Prezidenti anna güni Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy. Ştaýnmaýer Si Szinpiniň çakylygy boýunça bäş günlük döwlet saparyna başlamak üçin sişenbe güni irden Anhui welaýatynyň Hefeý şäherine geldi. Bu onuň soňky sekiz ýylyň dowamynda Hytaýa ilkinji döwlet saparydyr.

Anna güni günortan soň Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde Hytaýyň Başlygynyň gatnaşmagynda Germaniýanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Ondan soň iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça gepleşik geçirdiler.

«Bu meniň Hytaýa sekizinji saparym. Her gezek gelenimde, günsaýyn özgerýän Hytaýy görýärin. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Hytaý möhüm ähmiýete eýe ýurda öwrüldi, onuň ykdysady we tehnologik kuwwaty, şeýle hem syýasy täsiri ep-esli güýçlendi. Men muňa haýran galýaryn» diýip, Frank-Walter Ştaýnmaýer aýtdy.

CCTV+ habar bermegine görä, Germaniýanyň Prezidenti Hytaýda bolup geçýän giň gerimli özgerişleri we ýurduň dünýä ykdysadyýetindäki, tehnologiýadaky hem-de halkara syýasatyndaky ornunyň güýçlenmegini belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026