Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Moskwada geçirilýän Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) sammitiniň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada Kremliň resmi saýtynda habar berildi.
Putin taraplaryň Ýakyn Gündogardaky ýagdaý barada pikir alyşandygyny we wakalaryň oňyn ugurda ösmegine umyt bildirendigini aýtdy.
Şeýle hem ol şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 10,4 göterim ýokarlanandygyny belledi. Eýranyň Buşehr atom elektrik stansiýasynyň gurluşygy hem dowam edýär.
Pezeşkian syýasy we ykdysady meselelerde Russiýanyň berýän goldawy we kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol sebit ýurtlarynyň ýüze çykýan meseleleri özbaşdak, daşyndan kömek almazdan çözmäge ukyplydygyny nygtady.
Bu duşuşyk şu ýylyň başyndan bäri Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň arasynda geçirilen üçünji duşuşyk boldy.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, GECF sammitiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda sebitdäki ýagdaý, ikitaraplaýyn söwda we atom energetikasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.






