Kanton ýarmarkasy dünýä alyjylaryny hytaýly öndürijiler bilen birleşdirýär
Hytaýyň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň paýtagty Guançžou şäherinde geçirilýän 140-njy Hytaý import we eksport harytlary ýarmarkasyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan alyjylar gelýär. Bir ýerde köp sanly üpjün edijiniň önümlerini hödürlemegi alyjylara harytlaryň görnüşlerini, hilini we bahalaryny göni deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Olaryň köpüsi sergiden soň hem golaýdaky zawodlara baryp görýär.
Kanton ýarmarkasy diýlip hem tanalýan bu çäre ýylda iki gezek geçirilýär we Hytaýyň iň uly hem-de iň uzak wagt bäri geçirilip gelýän toplumlaýyn söwda sergisidir. Şeýle hem ol ýurduň daşary söwdasynyň ýagdaýyny görkezýän möhüm görkezijileriň biri hasaplanýar.
Sergi zallaryna gelýän alyjylar üçin ýarmarkanyň esasy artykmaçlygy köp sanly üpjün edijiniň bir ýerde jemlenmegidir. Bu olara dürli teklipleri deňeşdirmäge we satyn alyş barada has oýlanyşykly karar kabul etmäge mümkinçilik berýär.
«Kanton ýarmarkasynyň esasy artykmaçlygy dürli üpjün edijileriň hemmesiniň bir ýerde jemlenmegidir. Bir üpjün edijiden beýlekisine geçip, önümleri, hilini we bahalaryny deňeşdirip bilýärsiňiz. Soňra ähli maglumatlary seljerip, karar kabul edýärsiňiz. Bu ýarmarkany örän ajaýyp edýär. Biz bu ýere gaýta-gaýta gelmek isleýäris. Hytaýa bir gezek gelen adam, ýene köp gezek gelmek isleýär.
Geljek ýyl hem şu ýerde bolarys», diýip, Keniýaly alyjy Hamfri Muturi gürrüň berdi. Haryt gözlemek işi köplenç sergi meýdançasy bilen çäklenmeýär. Guançžou Hytaýyň iri önümçilik merkezleriniň biri bolan Merjen derýasynyň deltasynda ýerleşýär. Bu ýerdäki köp zawod sergi toplumyndan takmynan bir sagatlyk ýol uzaklykda ýerleşýär.
Alyjylar önümçilik liniýalarynyň işini öz gözleri bilen görmek we harytlaryň nähili öndürilýändigine has gowy düşünmek üçin zawodlara baryp görýärler. «Bir kompaniýa baranyňyzda, onuň öndürýän harytlary bilen tanyşýarsyňyz. Soňra başga bir kompaniýa baryp, olaryň iş usullaryny deňeşdirip bilýärsiňiz. Möhüm maglumatlary öwrenip, sorag berip, öndürijiler bilen pikir alyşyp, özüňize gerek bolan aýratynlyklary düşündirip bilersiňiz. Olar bolsa örän çalt kömek edýärler», diýip, Keniýaly başga bir alyjy Titus Mutomi aýtdy.
Öndürijiler bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamak mümkinçiligi Hytaýyň giň gerimli senagat zynjyry we durnukly önümçilik kuwwaty bilen berkidilýär. Bu mümkinçilikler üpjün edijilere daşary ýurtly müşderilere diňe bir gezeklik satuwlary däl, eýsem toplumlaýyn çözgütleri we olaryň talaplaryna laýyklykda ýöriteleşdirilen hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, Kanton ýarmarkasy dünýäniň dürli ýurtlaryndan alyjylary hytaýly öndürijiler bilen birleşdirýän möhüm halkara söwda meýdançasy bolmagynda galýar. Önümleri göni deňeşdirmek, zawodlara baryp görmek we aýratyn talaplary ara alyp maslahatlaşmak işewür gatnaşyklary berkitmäge hem-de söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam berýär.






