HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň däp bolan senetçiligi döwrebap dizaýn arkaly dünýä bazaryna çykýar

Oktýabr 28, 2026 | 18:01 |185
Çeşme: orient.tm

Hytaýly öndürijiler maddy däl medeni mirasy we Gündogar estetikasyny häzirki zaman dizaýny bilen barha işjeň utgaşdyrýarlar. Hytaýyň 140-njy Import we eksport harytlary ýarmarkasynda, ýagny Kanton ýarmarkasynda, däp bolan senetçilik önümleri halkara bazaryna niýetlenen täze görnüşlerde görkezilýär.

Öý üçin niýetlenen sowgatlyk önümleri bölüminiň çäginde Damin sebitiniň bambuk örmek senetçileri ýarmarkanyň tas 70 ýyllyk taryhynda ikinji gezek öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Bu senetçilik Hytaýyň milli maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Adaty sebetlerden başga-da, sergide bambukdan örülen şaý-sepler we örme nagyşlary bilen bezelen farfor önümleri görkezilýär. Şeýle çemeleşme däp bolan usullary täzeçe düşündirmäge we olary häzirki zaman sarp edijileriniň isleglerine laýyklaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Biz diňe önümleri satmak bilen çäklenmän, medeniýeti hem dünýä ýaýratmagy maksat edinýäris. Maksadymyz bambuk önümlerini dünýä bazaryna çykarmak bilen bir hatarda, dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlary hytaý estetikasy we ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşdyrmakdyr», diýip, Damin sebitiniň bambuk örmek ussady Baý Szingo aýtdy.

Daşary ýurtly alyjylaryň pikiriçe, el zähmeti bilen taýýarlanan we özünde hakyky medeni taryhy jemleýän önümler halkara sarp edijileriniň ünsüni çekip biler. ABŞ-ly alyjy Juliýa Paçeko bu önümleriň Hytaýyň gadymy däplerini häzirki zaman garaýyşlary bilen sazlaşykly birleşdirýändigini belläp, olaryň sowgat hökmünde hem özüne çekijidigini aýtdy.

Däp bolan usullar ulanylyp taýýarlanan şaý-sepler hem uly gyzyklanma döredýär. Moda şaý-sepleri zolagynda mis ýüzüne nagyş çekmek usuly bilen taýýarlanan broşka braziliýaly alyjy Jon Lealyň ünsüni çekdi. Ol önümi dakyp görenden soň, ony satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

«Hytaýyň medeni mirasynyň Günbatar ýaşaýyş durmuşy bilen nähili sazlaşykly birleşdirilendigi meni haýran galdyrdy. Men on ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýdan önüm gözleýärin we her gezek daşary ýurtly müşderilerime hödürläp boljak gyzykly önümleri tapmaga çalyşýaryn. Şeýle önümler däpleri häzirki zaman kaşaň dizaýny bilen utgaşdyrýar we hytaý medeni mirasynyň ýaş nesillere ýetirilmegine ýardam berýär», diýip, Jon Леал gürrüň berdi.

Hytaýyň Ýeňil senagat önümleriniň we çeper senetçilik önümleriniň importy hem-de eksporty boýunça Söwda palatasynyň wise-prezidenti Çžan Sziniň bellemegine görä, kiçi haryt öndürýän eksport kompaniýalarynyň köpüsi dizaýna we brendi ösdürmäge aýratyn üns berýär. Gündogar estetikasynyň täzeçe düşündirilmegi ýarmarkanyň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüldi.

Häzirki zaman dizaýny önümleri sarp edijileriň gündelik isleglerine laýyklaşdyrmaga we olary Ýewropa, ABŞ, Günorta-Gündogar Aziýa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlarynda tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. Medeni aýratynlyklar önümleriň goşmaça gymmatyny ýokarlandyryp, eksportçylar üçin täze ösüş mümkinçiliklerini döredýär.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, Kanton ýarmarkasynyň 140-njy tapgyry Guançžou şäherinde üç tapgyrda geçirilýär we 4-nji noýabra çenli dowam edýär. Tas ýedi onýyllygyň dowamynda ol Hytaýyň iň iri we iň uzak taryhy bolan halkara söwda çäreleriniň birine öwrüldi. Sergide görkezilýän önümler däp bolan senetçiligiň, döwrebap dizaýnyň we brend strategiýasynyň utgaşdyrylmagy arkaly Hytaýyň medeni mirasynyň dünýä bazaryna çykarylýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026