HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy Wenada gepleşikler geçirdi

Oktýabr 26, 2026 | 23:10 |2642
22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Wena şäherinde boldy22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Wena şäherinde boldy
Çeşme: austria.tmembassy.gov.tm

22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Wena şäherinde boldy. Saparyň maksady söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden, haryt alyş-çalşygyny ösdürmekden we birža söwdasy boýunça Awstriýanyň tejribesini öwrenmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Awstriýanyň esasy ykdysady edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ugurdaş duşuşyklary geçirdi. Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň ýolbaşçysy Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar institusional hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny işjeňleşdirmegiň ýollaryny, şeýle hem iki ýurduň bazarlaryna birža harytlaryny özara çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

turkmenistan-austria-commodity-exchange-vienna-talks-gtsbt .jpg

Eksport-import mümkinçilikleri bilen bagly meseleler Awstriýanyň Federal Ykdysady palatasynyň (WKÖ) Günorta-Gündogar we Gündogar Ýewropa, şeýle hem Merkezi Aziýa boýunça direktory Dražen Maloçeý bilen geçirilen duşuşykda aýratyn orun eýeledi. Gepleşiklere gatnaşyjylar özara bähbitli işewürlik üçin ösüşiň täze ugurlaryny gözlemäge, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge we Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň telekeçilik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirmäge aýratyn üns berdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026