Orta geçelge oýnuň düzgünlerini nähili üýtgedýär?


Ulag kompaniýasynyň işgäriniň diňe kagyz ýük resminamalaryny dolduryp, wagonlaryň belgilerini deňeşdirip we gurşun plombalary barlamak bilen meşgullanýan döwri geçdi…
Aşgabatda geçirilen DARYA forumynyň birinji güni Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine baryp görmek bilen tamamlandy. Öňünden aýtsak, ikinji gün bolsa häzirki zaman ulag geçelgesiniň, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýalaryň, emeli aň algoritmleriniň we uly maglumatlaryň esasynda çaklaýyş seljermesiniň bäsleşigine öwrülendigini aýdyň görkezdi.
Diňe demir ýollary gurmak we lokomotiwleri satyn almak ýeterlik däl. Häzirki zaman logistika sanly ekoulgamdyr. Bu ulgamda maglumat akymlaryny ýagtylygyň tizligine ýakyn tizlikde dolandyrmagy başarýan hünärmenleri bolan tarap üstünlik gazanýar.
Bu ýerde birneme ulaldyp aýdylan zat bar bolsa-da, munuň üçin geň galyp, garşy çykmagyň zerurlygy ýok. Sebäbi köp halatlarda yşaratyň fiziki taýdan ýaýramak tizligi ýagtylygyň tizligine ýakyn bolýar. (Şol bir wagtyň özünde, maglumat geçiriji kanalyň geçirijilik ukyby başga ölçegler, ýagny wagt birliginde näçe maglumat geçirip bolýandygy bilen kesgitlenýär.)

Geljegi nädip seretmeli? — Patent meýilleriniň usuly
Aşgabatda geçirilen DARYA forumynyň ikinji gününiň iş maslahaty Ýewropa Bilim gaznasynyň (ÝBG) bilermeni Katerina Lukaçowanyň gyzykly çykyşy bilen başlandy. Ol ýönekeý adamlara ylmy fantastika ýaly bolup görünýän tehnologiýany — zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny ýüze çykarmak üçin patent meýilleriniň seljermesinden peýdalanmagy görkezdi.
Bu nähili işleýär?
Ýörite emeli aň algoritmleri dünýäniň dürli künjeklerinden toplanan maglumatlaryň uly toplumyny seljerýär. Olar inženerleriň we IT ägirtleriniň häzirki wagtda haýsy patentleri we oýlap tapyşlary hasaba alýandyklaryny öwrenýärler. Mysal üçin, dünýäde port kranlaryny pilotsyz dolandyrmak, resminama dolanyşygynda blokçeýn tehnologiýasyny ulanmak ýa-da konteýner terminallarynyň işini öňünden çaklamak arkaly meýilleşdirmek boýunça patentleriň sany çalt artýan bolsa, bu bilim ulgamynyň öňünde täze hünärmenleri taýýarlamak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny görkezýän aýdyň alamatdyr.
Bu bolsa takmynan üç-dört ýyldan Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky adaty krançynyň ýa-da dispetçeriň robotlaşdyrylan toplumlaryň operatory we ulag ulgamlarynyň IT-analitigi ýaly hünärlere geçjekdigini aňladýar. Sebäbi şol wagta çenli zähmet bazarynda hut şeýle hünärmenlere zerurlyk dörär.
DARYA maksatnamasynyň kömegi bilen Merkezi Aziýada zähmet bazaryna gözegçilik etmek geçen asyra mahsus bolan könelişen statistiki hasabatlara daýanmakdan el çekýär. Indi zähmet bazaryndaky ýagdaýlary öňünden çaklamaga mümkinçilik döreýär. Ulag ulgamynyň çalt ösýän döwründe talyplary on ýyl mundan ozalky umumy okuw sapaklaryny we standartlar esasynda okatmak diplomly işsizleriň sanyny artdyrmak bilen deňdir.
Şonuň üçin hem Merkezi Aziýa sebitiniň hünär-tehniki bilim ulgamlary geljekki zerurlyklary öňünden nazara alyp, hünärmenleri taýýarlamak üçin täzeden guralýar.

Hazar deňzinde sanly hyzmatdaşlyk
DARYA-nyň Ýokary derejeli toparynyň mejlisiniň ikinji gününde amaly tehnologiýalara bagyşlanan maslahatyň esasy mazmunyny Orta geçelgäniň esasy operatorlarynyň arasynda geçirilen gönüden-göni we amaly dialog düzdi. Sebitiň esasy ulag we täjirçilik düzümleriniň wekilleri bir iş stolunyň başynda jemlendiler.
Sebitiň dürli ýurtlarynyň iri täjirçilik we ulag kompaniýalaryna Ýewropa Bileleşiginiň bilim maksatnamasy näme üçin gerek boldy?
Jogap häzirki zaman ykdysadyýetiniň aýratynlyklary bilen baglydyr. Hytaýdan Ýewropa Orta geçelge arkaly iberilýän ýükler Hazar deňzinden we döwletleriň serhetlerinden geçmeli bolýar. Ýük iberijiler üçin bu proses göze ilmez ýaly, ýagny kagyz resminamalary bilen bagly çylşyrymly amalsyz, birnäçe günläp garaşylmazdan we býurokratik bökdençlikler bolmazdan amala aşyrylmalydyr.
Hut şu ýerde-de esasy «dar geçelge» meselesi ýüze çykýar. Mysal üçin, Türkmenistan bilen Gazagystan logistika hünärlerini dürli usullarda beýan etseler we biri-biri bilen ýeterlik derejede utgaşmaýan sanly standartlary ulansalar, iki döwletiň arasyndaky geçiş nokadynda gijikmeler we hasaplamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykmagy gutulgysyzdyr.
Bu päsgelçiligi aradan aýyrmak üçin Türkmenistan forumda düýpli täze başlangyjy resmi taýdan öňe sürdi. Ol Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) multimodal ýük daşamalary boýunça tejribesini esas edinip, ähli ýurtlar üçin umumy logistika analitigi hünärini bilelikde işläp düzmegi we ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Ertirki günde logistika analitigi kim bolar?
Bu ýokary derejeli hünärmen! Ulag geçelgesiniň «beýnisi»! Ol diňe wagonlaryň hereketine gözegçilik etmek bilen çäklenmän, bitewi sanly platformalary dolandyrýar, dürli ýurtlaryň gümrük ulgamlarynyň işini utgaşdyrýar, gämileriň geljekki geliş wagtyny öňünden hasaplamak üçin emeli aňdan peýdalanýar hem-de howa şertleri ýa-da logistika bilen bagly garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda konteýner akymlaryny dessin ýagdaýda amatly ugra gönükdirýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan sebitdäki ähli goňşy ýurtlara özüne degişli web-platformany we iş berijileriň arasynda anyk hünär başarnyklarynyň ýetmezçiligini ýüze çykarmaga gönükdirilen sanly sowalnama usulyýetini muzdsuz bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Resmi Aşgabat halkara hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň diňe bir Ýewropanyň tejribesini ornaşdyrmak bilen çäklenmeýändigini, eýsem, Hazar deňzi sebitinde bitewi sanly we hünärmenleri taýýarlamak boýunça standartlaryny özbaşdak kemala getirýändigini aýdyň görkezdi.

Türkmen ýaşlary üçin geljegiň ýol kartasy
Aşgabatda geçirilen DARYA-nyň Ýokary derejeli toparynyň mejlisi strategik resminamanyň — Başarnyklary ösdürmegiň sebitleýin ýol kartasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Ýöne Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleri we Ýewropa Bileleşiginiň düzümleri tarapyndan makullanan bu halkara resminama ýönekeý raýatlar üçin nämäni aňladýar?
Ol ýakyn geljekde türkmen ýaşlarynyň durmuşyny we hünär ýoluny nähili üýtgeder?
Foruma gatnaşyjylaryň jemleýji maslahatlary örän işjeň we netijeli çekişmeler bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Türkmenistanyň umumy ylalaşyga esaslanýan garaýşyny beýan etdi. Bu garaýyş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Ulag-logistika merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde jikme-jik işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan umumy häsiýetli beýannamalar bilen çäklenmän, Ýol kartasyny anyk işleriň meýilnamasyna öwürmegi teklip etdi. Aşgabadyň teklibine laýyklykda, bu işiň ilkinji amaly ädimi Hazaryň logistikasynyň iki esasy kenaryndaky — Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Gazagystanyň Aktau portunyň arasynda tehniki saparlary guramakdan we tejribe alyşmakdan ybarat bolar.
Port işgärleri, ekspeditorlar, terminallaryň operatorlary we dispetçerler Ýewropa Bilim gaznasynyň bilelikde işlenip taýýarlanan bitewi modully maksatnamalary boýunça okadylar. Bu maksatnamalar Ýewropanyň “Global Gateway” strategiýasynyň maliýe maýa goýumlary we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň taslamalary bilen berk utgaşdyrylandyr.
Türkmenistanyň öňe sürýän esasy ykdysady ýörelgesi ýönekeý we düşnüklidir: adam mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de maýa goýmak täze demir ýollary gurmak we gämi duralgalaryny giňeltmek bilen deň depginde alnyp barylmalydyr. Geljekki hünärmenleriň başarnyklary we bilimleri maýa goýumlar bilen bir wagtda ösdürilmelidir.

Aşgabat tezisleri: ähli goňşular üçin açyk gapy
Türkmenistan maslahatyň jemleýji resminamalaryna möhüm seljeriş häsiýetli düzediş girizdi. Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew foruma gatnaşyjylary jemleýji «Aşgabat tezislerine» goşmaça bir düzgüni girizmegiň zerurdygyna deliller arkaly ynandyrdy. Bu düzgüniň mazmuny şeýle:
Sebitiň islendik ýurdy, hatda obýektiw sebäplere görä bitewi hünär ugurlaryny we logistika hünärmenleriniň hünär derejelerini işläp taýýarlamak işine soňrak goşulan ýagdaýynda-da, olary öz milli tejribesi bilen baýlaşdyrmaga doly hukuklydyr.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen bu açyk we adalatly çemeleşme berk çäklendirmeler baradaky ähli şübheleri aradan aýyrdy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň täze geosyýasy ösüşiniň esasy meýlini iş ýüzünde tassyklady. Bu meýle laýyklykda, sebit ýapyk administratiw birleşigi däl-de, her bir tarapyň pikiriniň ähmiýetli bolan, çeýe, dostlukly, deňhukukly we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ekoulgamy döredýär.
Çäräni kabul ediji tarap hökmünde Aşgabat logistika başarnyklary boýunça bilermenler ulgamynyň ilkinji giň gerimli tehniki maslahatyny geçirmegi resmi taýdan teklip etdi.
«Geliň, kiçi zatdan, bilelikde we ulag-logistika ulgamyndan başlalyň!» diýip, Azat Ataýew hyzmatdaşlary çagyrdy.

Hakyky netijeler ýa-da 2028-nji ýyla çenli ýaşlarymyz nämelere eýe bolarlar?
DARYA maksatnamasynyň häzirki tapgyry 2027-nji ýylda bäş ýyllyk iş döwrüni tamamlar. Emma Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Eduard Stipraýsyň resmi taýdan belleýşi ýaly, bu maksatnamanyň soňky nokady bolmaz. Ol berk binýadyň döredilmegine hyzmat etdi. Ýewropa Bileleşigi eýýäm Merkezi Aziýanyň hünärmenleriniň mümkinçiligini ösdürmek boýunça has giň gerimli indiki strategik maksatnamany taýýarlamak işine girişdi.
Türkmenistanyň «Skills Bridge for Global Gateway» («Başarnyklar köprüsi») milli konsepsiýasy ýönekeý raýatlara we ýaşlara anyk mümkinçilikleri wada berýär. Halkara guramalaryň portlara, demir ýollara, sanly merkezlere we zawodlara goýýan her bir ýewro maýa goýumynyň türkmen oglan-gyzlary üçin abraýly iş orunlaryna, durnuklylyga we ýokary zähmet haklaryna öwrülmegi göz öňünde tutulýar.
Bularyň ählisi 2028-nji ýyla çenli Merkezi Aziýada ýokary hünär taýýarlygyna eýe bolan, täzeçe pikirlenýän we uly maksatlary öňünde goýýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek üçin edilýär. Olaryň diplomlary, halkara hünär derejeleri we sanly başarnyklary Täze Ýüpek ýolunyň ähli ugrunda ykrar ediler — Şanhaýdan Rotterdama çenli.
Şeýlelikde, Türkmenistan geljekki ulag ulgamynyň intellektual binýadyny ynamly esaslandyrýar.
Bekdurdy Amansaryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi







