Türkmenistan Samarkantda geçiriljek «C5+1» ministrler duşuşygynda täze teklipleriň toplumyny hödürlär


17-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 19-njy oktýabrda Samarkantda geçiriljek duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli «C5+1» diplomatik platformasynyň Sekretariatynda bilelikde başlyklyk etmek boýunça özboluşly tejribe toplan Aşgabat köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça konstruktiw teklipler toplumyny taýýarlýar.
Türkmenistan bu formatyň çäklerinde anyk mowzugy ilerletmek tejribesini ilkinji bolup ýola goýdy. Şunda sanly tehnologiýalar we emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler işjeň öňe sürüldi. Öňümizdäki forumyň gün tertibi diňe bir ministrleriň gepleşiklerini däl, eýsem wajyp minerallara, energetika, ulag infrastrukturasyna, oba hojalygyna we saglygy goraýşa maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlanan giň gerimli işewürlik duşuşyklaryny hem öz içine alar.
Samarkantda geçiriljek duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegi hem meýilleşdirilýär. Bu gepleşiklerde 3-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi bellenen türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek, şeýle hem jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak meselelerine garalar.









